Zamananyň zynaty

26 Aprel 2023
440

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar eziz Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda has-da şowhunly geçirilýär. Olaryň maksatnamasyna konsertler, sergiler, edebi-sazly çykyşlar we şygryýet agşamlary, ýurdumyzyň atşynaslaryny hem-de seýislerini sarpalamak dabaralary girizildi. Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleri taryhyň gatynda mynasyp ornuny tapypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.

Türkmen seýisleri «ýüzden ýüwrük, müňden tulpar» diýen pähime eýerip, at sürüleriniň içinden geljekde haýsy taýçanagyň nähili meşhur bolup ýetişjekdigini aýtmagy başarypdyrlar. Taýçanagyň ýa-da atyň reňkine, häsiýetine we beden gurluşynyň aýratynlyklaryna görä, onuň näderejedäki at bolup ýetişjekdigini öňünden bilipdirler. Bedew atlara atlanan Watan goragçylary öz atlary bilen mydama türgenleşikde bolupdyrlar. Şonuň üçin hem olar bedew üstündäki oýunlara has-da kämilleşip, çalasynlygy we çalt pikirlenmegi, dürli ýagdaýlardan basym netije çykarmagy başarypdyrlar. Türkmen ýigitleri at üstünde ýerine ýetirilýän «Ata bukulma we atly bukulma», «Atly göreş», «Çybykkesdi», «Altyngabak», «Syrtmak atma», «At bökdürme», «At agdarma» ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler.

Näzik ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.