Mil­le­tiň mer­te­be­si­ni beý­geld­ýän gym­mat­lyk

26 Aprel 2023
438

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň mertebesi has-da belende galýar. Ahalteke tohumly bedewler dünýäniň medeni atşynaslygynyň gözbaşy saýylýar. Şonuň üçin olar milletimiziň mertebesini beýgeldýän gymmatlykdyr. Häzirki wagtda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ganatly bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň taryhy ähmiýetli gudraty bolmagynda galmak bilen, ýurdumyzyň üstünlikleriniň nyşanyna, ata-babalarymyzyň hasyl bolan arzuwlarynyň alamatyna öwrüldi.

Atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň we at üstündäki milli oýunlaryň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen paýtagtymyzdaky atçylyk sport toplumynyň ýanynda ýapyk manežli okuw merkezi açyldy, bu ýerde sportuň at çapyşygy, marafon, konkur ýaly görnüşleri boýunça türgenler taýýarlanylýar. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäherinde gurulýan desgalaryň arasynda Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binasynyň bolmagy hem has begendirýär.  2018-nji ýylda Akhanyň üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Çarpaýa galyp, gysga wagtda art aýaklarynyň üstünde iň uzak aralygy geçmekdäki ýokary görkezijisi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meşhur Akhan bedewine bagyşlanan «Akhan monumentiniň» hem şu döwrebap şäherde bina edilmegi bedewiň sarpasynyň uludygyny subut edýär. Akhanyň adynyň «Aşgabat — 2017» bilen baglanyşyklydygy hemmä mälim. Ýurdumyzyň paýtagtyndaky Olimpiýa şäherçesine Aziadanyň alawy hem Akhanda getirilipdi.

Madina RAHMANOWA,
Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.