Hormatly Prezidentimize behişdi bedewler sowgat berildi

29 Aprel 2023
451

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de täze desganyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimize ähli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň, atşynaslaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň adyndan behişdi bedewler sowgat berildi. Bu baýramçylyk şüweleňini has-da artdyryp, dabara gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgularyny döretdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlardan baýramçylyga gatnaşýan hormatly ýaşululara, behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara minnetdarlyk bildirdi.