Halkymyzyň buýsanjy

25 Aprel 2023
342

Türkmen halkyna bütin dünýäde şöhrat getiren atçylyk sportuny we atçylyk pudagyny ösdürmek meselesi hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar Watanymyzda atçylyk pudagy döwlet tarapyndan yzygiderli goldawa eýe bolmak bilen, uly rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine çynlakaý üns berilmegi bolsa, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny, şöhrat gazanan ahalteke bedewlerimizi halkara ýaryşlaryna taýýarlamak işleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Her ýylda behişdi bedewlerimiziň baýramyny bellemek asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli baý many-mazmunly şowhunly çäreleriň geçirilmegi toýuň dabarasyny has-da belende göterýär.

Aýgül BERDIMYRADOWA,
Ahal welaýat kazyýeti, kazynyň kömekçisi.