Ýüplükleri kelepläp

26 Aprel 2023
360

Türkmen zenanlarynyň gözelligine has-da öwüşgin berýän dürli reňklerdäki milli ketenilerimizi, düýpli gyňaçlarymyzy we donluk, çabytlyk alaça matalarymyzy dokamak üçin tara guraly ulanylýar. Ýönekeýligine garamazdan, onda mata dokamak üçin dessik, güle, darak, üzeňňi, mäki, nöwert, çarh, perk, lekleki we kelep agajy ýaly birnäçe gurallar gerek.

XX asyryň ikinji ýarymynda tara senedine ýene-de bir täze gural ornaşdyrylýar. Zenanlaryň işini birnäçe esse ýeňilleşdiren ol gural «lekleki» diýlip atlandyrylýar.