Zerden zynatly börükler

25 Aprel 2023
421

Türkmen halkynyň zynatlyga, ajaýyplyga ýugrulan sünnä işleri bütin dünýäni haýrana goýýar. Bu milli gymmatlyklarymyz gelin-gyzlarymyzyň muhabbete mizän kalbyndan kemal tapandyr. Gözelligiň nagmasy bolan gymmatlyklarymyz sungat eseriniň naýbaşy nusgalaryny esaslandyrýar. Olarda ata-babalarymyzyň geçen şöhratly menzilleri, ülkämiziň ajaýyp tebigaty janlanýar. Gözellik sazlaşygyny özünde jemleýän milli gymmatlyklarymyzyň aýratyn nusgalarynyň biri hem türkmen zenanlarynyň höwes bilen başa geýýän börükleridir.

Her bir halkyň öz milliligine aýratyn buýsanjy bolýar. Şoňa görä-de milli lybaslarymyz hakynda söhbet açylanda zenanlarymyzyň başynyň bezegi bolan börükler aýratyn ünsi çekijidir. Ylaýta-da, täze gelinleriň eginlerindäki keteni bilen kybapdaş edip, dürli şaý-sepler bilen bezelen börügi başyna geýip, myhmançylyga gidýän pursatlaryny daşyndan synlanyňda kalbyňdaky milli lybaslarymyza bolan söýgi has hem möwç urýar. Hakykatdan-da, börük türkmen zenanlaryny syrdam, kaşaň görkezýär. Aňyrdan dähedem-dessemläp ýöräp gelýän börükli gelinler ertekilerde wasp edilýän hüýr-melekleri ýada salýar. Bu bolsa ene-mamalarymyzyň zynatlyk dogrusynda giň dünýägaraýyşlarynyň bolandygyny subut edýär. Täsirli gözelligi synlanyňdan soňra zenanlarymyzyň haýsy döwürlerden başlap başyna börük geýip başlandyklary baradaky sorag öz erkimize goýmaýan bolsa gerek. Şoňa görä-de, zenan zynaty bolan börükleriň taryhy dogrusynda beýan etmegi müwessa bildik.

Maýagözel MOMMALIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy.