"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Halypa mugallym

«Çekseň zähmet — ýagar rähnet» diýlişi ýaly, ýurdumyzda haýsy ugurdan zähmet çekseň-de, onuň gadyry bilinýär, mynasyp baha berilýär. Şeýle hormata mynasyp ildeşlerimiziň biri hem ömrüni mugallymçylyga bagyş eden halypa mugallym Beg Nazarowdyr. Ol ösüp gelýän ýaş nesle sowat-bilim öwretmekde yhlasyny gaýgyrman zähmet çeken ussat mugallym. Beg Nazarow 1928-nji ýylyň 23-nji aprelinde Mary etrabynda daýhan maşgalada eneden bolýar. Ol obalaryndaky ýediýyllyk mekdepde bilim alyp, ony 1943-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Onuň ýaşlyk döwri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. Şol ýyllarda ol zähmetde taplanyp, döwrüň talabyna görä, ilki öz obalarynda zähmet çekýär. 1946-njy ýylda onuň bilim almaga bolan höwesi Marynyň Mugallymçylyk mekdebine (häzirki Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi) okuwa getirýär, bu okuw mekdebinde göreldeli talyplaryň biri bolup okaýar. Ol bilim beren mugallymlaryndan mekdebiň direktory Berkeli Öwezow, Durdy Nurmämmedow, Olga Myradowna, Artyk Hojageldiýew we talyp deň-duşlary Anna Paýtyk, Sylap Annaýew, Atadurdy Halmuhammedow, Kakajan Şamyradow we beýlekiler barada gyzykly gürrüňleri berýär. Beg Nazarow Mugallymçylyk mekdebinde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary bilen geçirilen döredijilik duşuşygy barada: «1948-nji ýylyň 27-nji aprelinde biz Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew, Gara Seýitliýew, Ata Salyh bilen oka

Nurana ykbally ýaşlar

Ylymly, bilimli, Watanymyzy mundan beýläk-de ösüşiň ak ýoly bilen öňe alyp gitjek ýaşlaryň kemala gelmekleri, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar nesillerimiziň beden taýdan sagdyn, milli ruhumyza laýyk edep-terbiýeli, dürli hünärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri hemmämiziň arzuwymyzdyr. Şol arzuwlaryň wysal bolmagy, mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegi üçin eziz Arkadagymyz bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirýär, bilimden ýüki ýetik ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmakda bimöçber işleri amala aşyrýar. Döwlet derejesinde edilýän giň gerimli aladalar, döredilýän şert-mümkinçilikler her birimizi buýsandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän atalyk aladasyna perzentlik söýgüsi, bilim almaga, hünär öwrenmäge bolan yhlasy, geljekde ilhalar adamlar bolup ýetişmek hyjuwy bilen jogap berýärler. Olar özleriniň bagtyýar ertirlerimiziň eýeleridigine, geljekde ýurdumyzy dolandyrmaly adamlardygyna oňat düşünip, ylmy, bilimi durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwürýärler, başarnykly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi esasy maksady hasaplaýarlar. Olaryň döredijilik ukybyny bolsa okuwda, dürli derejeli bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerinde görmek bolýar.

Iňlis dilinde «Past perfect tense» — daş öten zaman

Iňlis dilini täze öwrenýän ýaşlarymyz üçin «Past perfect» zamanyna düşünmek, ony gepleşikde we ýazuwda işjeň peýdalanmak ilkibaşda ýeňil bolmaýar. Çünki beýleki zamanlardan tapawutlylykda iňlis dilinde bu zamanyň käbir özüne mahsus ulanylyş aýratynlyklary bar. Öten zamanda bolup geçen işleri — wakalary beýan etmekde ulanylýan «Past perfect» zamanynyň käbir möhüm düzgünlerini «Az salym iňlis dili» bölüminiň bu sanynda okyjylarymyz bilen paýlaşmak isledik. Geliň, onda başlalyň! Nirede ulanylýar?

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2021-nji ýylyň 7-nji we 15-nji maýynda sagat 1500-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar «Açyk gapylar» gününde uniwersitete gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek baradaky syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2021-nji ýylyň 7 — 15-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde uniwersitete gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek baradaky syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem, olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.  Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 94-67-30, 94-67-05.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2021/2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin 2021-nji ýylyň maý aýynyň 5-ine we 12-sine sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy.Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 28-18-53, 28-18-05.

Goýny oglan-gyzly mekdep, kalby aýdym-sazly mekdep

Şeýle mekdepleriň biri-de Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebidir. Biz golaýda bu sungat mekdebinde myhmançylykda bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşdyk. Sungat ojagynyň bosagasyndan girenimizden, elleri milli saz gurally, ýürekleri joşgunly okuwçy oglan-gyzlarda gözümiz eglendi. Synp otaglarynyň birinde fortepianoda saz çalyp oturan okuwçy gyzjagazyň saz çalşyny synlap, onuň sungata bolan höwesiniň ganat baglaýandygyna göz ýetirdik. Biz mekdebiň synp otaglaryna ýekänme-ýekän aýlanyp, aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýän zehinli çagalaryň ukyp-başarnygy bilen gyzyklandyk. Bu çagalar geljekde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaşlardyr. Çünki, çyn zehin çagalykdan gursaga guýulýar. Şol hakykat bilen hem zehinli çagalar ýüze çykarylýar.

Yhlasa — myrat

Garaýagyzdan, kelteräk boýly ýigidiň mugallym bolup işe gelen wagty, onda kän bir hiç kimiň gözi eglenmändi. Her kim oňa adaty bir göz bilen seredipdi. Hiç kim onuň aýratyn zehinlidigi, başarnyklydygy, geljekde tanymal mugallym boljakdygy barada pikir hem etmändi. Mekdepde işe başlan wagtlary bary-ýogy 24 ýaşy bolsa-da, onuň durky bilen mugallymçylyk kärine berlen guýmagursak zehinlidigi barada hiç kimiň aňynda-da aýlanmady. Merdan Orazow 2009 — 2014-nji ýyllarda Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, taryh-geografiýa fakultetini tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Soňra ol harby gullukda bolup, 2016-njy ýylda Garagum etrabyndaky 19-njy orta mekdebe geografiýa mugallymy bolup işe geldi. Özüniň ýaşlygyna garamazdan, işe başlan günlerinden mekdep okuwçylaryna döwrebap bilim-terbiýe bermäge, olaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açmaga girişdi. Geçýän sapaklaryndan daşary, goşmaça okuwlary gurap, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşiklere okuwçylary taýynlap başlady.

Abadan ertirimizi nazarlap...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde düýpli özgertmelere badalga berildi. Sanlyja ýyllarda-da bu özgertmeleriň oňyn täsiriniň şaýady bolmak bilim işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Abadan geljegimiziň ylymly-bilimli, zähmetsöýer, edep-terbiýeli neslini kemala getirmek iňňän jogapkärli wezipe. Bu wezipe mugallymlardan ukyp-başarnygy, sabyrlylygy, yhlas-tagallany talap edýär. Bagtly geljegimizi nazarlaýan şu bähbitli işde başlangyç synp mugallymlarynyň öňünde has çylşyrymly wezipe durýar. Sebäbi oglanjygyň ýa-da gyzjagazyň ylym-bilim almakdaky şowly gadamlary başlangyç synplarda alan bilim-terbiýesinden başlanýar. Şonuň üçinem men çagalara bilim-terbiýe bermekde yhlas edýärin. Öňdebaryjy iş tejribelerinden netijeli peýdalanmak, okuw-görkezme esbaplaryny ýerlikli ulanmak okuwçylaryň geçilýänleri ýeňil we düýpli özleşdirmeklerine ýardam edýär. Onsoňam, çärýek asyra golaý iş tejribämiň çagalara durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekdäki yhlas-tagallalaryma oňyn täsirini ýetirýändiginem ýatlamalydyrys.

Bimöçber tagallalar

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyr. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda çalşypdyrlar. Muňa halkymyzyň geçmişde döreden ylym-bilim baradaky atalar sözüdir nakyllary hem şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döwrebap bilim-terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmegi üçin uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ylym we bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde bu ulgamlary ösdürmek we mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda möhüm wezipeleri goýýar. Biz — mugallymlar hem döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda yhlasly zähmet çekmäge çalyşýarys.

Bimöçber tagallalar

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyr. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda çalşypdyrlar. Muňa halkymyzyň geçmişde döreden ylym-bilim baradaky atalar sözüdir nakyllary hem şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döwrebap bilim-terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmegi üçin uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ylym we bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde bu ulgamlary ösdürmek we mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda möhüm wezipeleri goýýar. Biz — mugallymlar hem döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda yhlasly zähmet çekmäge çalyşýarys.

Mähre gurşalýan çagalar

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen geljegimiz bolan ýaş nesil barada edilýän aladalar rowaçlyklara beslenýär. “Çaga — eziz, edebi ondanam eziz” diýlişi ýaly, ýaş nesillerimiz hemişe gyzgyn mähre gurşalyp alynýar. Olary Watanymyza mynasyp ruhda kemala getirmekde uly aladalar edilýär. Ýaş nesliň bilimde, sungatda döredijilikli ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, dürli-dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Serhetabat etrabynyň “Nowça” atly 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri hem ýaş nesliň sözleýiş ukybyny ösdürmekde, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda irginsiz aladalanýarlar.

Bilim-terbiýe — üstünlikleriň açary

«Ýylyň mugallymy — 2021» Ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan eden «Ýylyň mugallymy — 2021» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan mugallymlaryň altysy gatnaşdy.

Bilim — üstünlikleriň açary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň bagtyýarlygy we ähli taraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda uly aladalar edilýär. «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge berýän aýratyn ünsi şeýle aladalaryň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň ýaşlar hakdaky aladalary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde öz beýanyny tapýar. Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamy düýpgöter özgerdi, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň many-mazmuny kämilleşdi. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalarynyň gurulmagy, ozaldan bar bolan orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň durkunyň täzelenip, olaryň döwrebap okuw tehnologiýalary, zamanabap görkezme esbaplary bilen enjamlaşdyrylmagy, şeýle-de many-mazmun, bilim-terbiýeçilik, bezeg taýdan kämilleşdirilen okuw kitaplarynyň neşir edilmegi munuň şeýle bolmagyny üpjün etdi. Şeýle bolansoň, bu gün bagtyýar ýaşlarymyz iň kämil, häzirki zaman kompýuterler, multimedia-interaktiw, lingafon enjamlary bilen ýokary derejede enjamlaşdyrylan bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň hyzmatyndan

Okyjylara döwrebap hyzmat

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasy okyjylara medeniýetli hyzmat etmegiň täze usullaryny ornaşdyrýar. Bu ýerde birnäçe bölüm hereket edip, şolaryň biri-de sowal-jogap we kitaphana bibliografika bölümidir. Biziň bu bölümimiz okyjylaryň neşirleri tapmak boýunça islendik sowalyna anyk maslahatlary berýär. Bölüm ýerli gazet-žurnallarda çykýan makalalary kartoçkalara belleýär hem-de olary temalary boýunça kartotekalarda ýerleşdirýär. Okyjylar köpçüligi miras, taryh, etnografiýa, edebiýat, sungat, ylym, bilim ýaly ugurlara has gyzyklanma bildirýär. Kataloglarda uly pudaklar temalar boýunça böleklere bölünýär. Munuň özi isleg bildirilýän temalary tiz tapmaga ýardam edýär.

Netijeli bilim özgertmeleri

Häzirki döwürde ösen ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, durmuşymyzyň dürli ugurlaryna, şol sanda bilim ulgamyna ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerini internet-aragatnaşyk ulgamyna birleşdirmek, olary kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün etmek, sapaklary sanly ulgamda guramak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäklerinde sanly ulgama geçmek wezipeleri hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Munuň özi biziň jemgyýetimizde bilimiň ýokary derejede ösdürilýändigini we döwrebaplaşdyrylýandygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna geçilmegi bilim edaralarynda guralýan sapaklaryň mazmun hem hil taýdan ýokary derejä eýe bolmagyny, usulyýetiniň baýlaşdyrylmagyny, ýaşlaryň öwrenenlerini ýokary derejede özleşdirmeklerini, şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň kämil hünärmenler bilen üpjün edilmegini şertlendirýär.

Üstünlik taýýarlyga we tejribä bagly

Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylary döwrebap, kämil usullarda okatmak mugallymlardan edilýän esasy talaplardyr. Okuwçylara bilim we terbiýe bermegiň özeni bolsa mugallymyň başarnygyna, iş tejribesine bagly bolup durýar. Aýdylanlara mysal edip, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde iki günläp dowam eden «Ýylyň mugallymy» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny görkezmek mümkin. Geçen hepdäniň anna güni ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik hem öz hünäriniň ussady bolan mugallymlary öňe saýlady. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bu bäsleşiginde oňa gatnaşan mugallymlar üç şert boýunça bäsleşdiler.

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Geçen hepdäniň penşenbe hem-de anna günleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky 99-njy çagalar bagynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. «Ýylyň mugallymy» hem-de «Ýylyň terbiýeçisi» döwlet bäsleşikleriniň şu ýylky jemleýji tapgyrynyň açylyş hem-de ýapylyş dabaralary paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde guraldy. «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan gelen, onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan terbiýeçileriň jemi 6-sy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri öz hünär ussatlyklaryny, syýasy, işjeňlik, ahlak sypatlaryny, medeniýetlilik derejelerini aýan edip, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ösüşine goşýan goşantlaryny açyp görkezmegi maksat edindiler. Olar ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyna esaslanyp, ýaş nesliň döwrebap, çuňňur bilim almagy, edep-terbiýeli, ruhubelent, Watana wepaly bolup ýetişmekleri üçin alyp barýan işlerini beýan etdiler.

Körpelerde paýtagtymyza söýgi döretmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde körpelere paýtagt şäherimiz Aşgabat baradaky düşünjeleriň öwredilmeginiň ähmiýeti uludyr. Mekdebe çenli bilim edaralarynda körpe nesillerimize paýtagtymyz Aşgabat baradaky düşünjeleri öwretmek üçin häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanmak üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle şertlerde işlenilende, körpeleriň ünsüni öwredilýän düşünjelere çekmek we olarda sapaga bolan gyzyklanmany döretmek ýeňil bolýar.

Innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilimiň has-da ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şunda ylmyň iň täze gazananlaryna, bilim bermegiň döwrebap usullaryna, sanly tehnologiýalara aýratyn üns berilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, bilim binýadynyň berkidilýändigi, kämil hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ylym we bilim ösüşiň baş binýady hasaplanýar. Aslynda hem türkmen halkymyz ylym-bilime aýratyn ähmiýet beren halkdyr. Biz muňa nakyllardan, atalar sözünden hem aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle hem geçmişde türkmen alymlarynyň dünýä ylmyna goşan goşandyny görenimizde halkymyzyň ylym-bilimi ösdürmekdäki asylly ýörelgesine aýratyn sarpa hökmünde garaýarys. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ylym-bilim döwrebap ösdürilýär we giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilendigini, iň täze kompýuter, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.