Üstünlik taýýarlyga we tejribä bagly

2 Maý 2021
1349

Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylary döwrebap, kämil usullarda okatmak mugallymlardan edilýän esasy talaplardyr. Okuwçylara bilim we terbiýe bermegiň özeni bolsa mugallymyň başarnygyna, iş tejribesine bagly bolup durýar. Aýdylanlara mysal edip, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde iki günläp dowam eden «Ýylyň mugallymy» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny görkezmek mümkin. Geçen hepdäniň anna güni ýurdumyzyň orta mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda geçirilen bu bäsleşik hem öz hünäriniň ussady bolan mugallymlary öňe saýlady.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bu bäsleşiginde oňa gatnaşan mugallymlar üç şert boýunça bäsleşdiler.

Şähribossan ÖWEZOWA,
«Mugallymlar gazeti».