Goýny oglan-gyzly mekdep, kalby aýdym-sazly mekdep

3 Maý 2021
1216

Şeýle mekdepleriň biri-de Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebidir. Biz golaýda bu sungat mekdebinde myhmançylykda bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşdyk. Sungat ojagynyň bosagasyndan girenimizden, elleri milli saz gurally, ýürekleri joşgunly okuwçy oglan-gyzlarda gözümiz eglendi. Synp otaglarynyň birinde fortepianoda saz çalyp oturan okuwçy gyzjagazyň saz çalşyny synlap, onuň sungata bolan höwesiniň ganat baglaýandygyna göz ýetirdik.

Biz mekdebiň synp otaglaryna ýekänme-ýekän aýlanyp, aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýän zehinli çagalaryň ukyp-başarnygy bilen gyzyklandyk. Bu çagalar geljekde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaşlardyr. Çünki, çyn zehin çagalykdan gursaga guýulýar. Şol hakykat bilen hem zehinli çagalar ýüze çykarylýar.