Innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

2 Maý 2021
1239

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilimiň has-da ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şunda ylmyň iň täze gazananlaryna, bilim bermegiň döwrebap usullaryna, sanly tehnologiýalara aýratyn üns berilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, bilim binýadynyň berkidilýändigi, kämil hünärmenleriň taýýarlanylýandygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Ylym we bilim ösüşiň baş binýady hasaplanýar. Aslynda hem türkmen halkymyz ylym-bilime aýratyn ähmiýet beren halkdyr. Biz muňa nakyllardan, atalar sözünden hem aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle hem geçmişde türkmen alymlarynyň dünýä ylmyna goşan goşandyny görenimizde halkymyzyň ylym-bilimi ösdürmekdäki asylly ýörelgesine aýratyn sarpa hökmünde garaýarys. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ylym-bilim döwrebap ösdürilýär we giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilendigini, iň täze kompýuter, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.

Arslan ÇARÝAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.