Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

3 Maý 2021
1331

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2021-nji ýylyň 7-nji we 15-nji maýynda sagat 1500-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde uniwersitete gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek baradaky syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.