Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2021-nji ýylyň 7 — 15-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

3 Maý 2021
1406

«Açyk gapylar» gününde uniwersitete gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek baradaky syýasatynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalar, okuw, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem, olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler. 

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 31-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 94-67-30, 94-67-05.