Bimöçber tagallalar

3 Maý 2021
1019

Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyr. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda çalşypdyrlar. Muňa halkymyzyň geçmişde döreden ylym-bilim baradaky atalar sözüdir nakyllary hem şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döwrebap bilim-terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmegi üçin uly tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ylym we bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde bu ulgamlary ösdürmek we mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda möhüm wezipeleri goýýar. Biz — mugallymlar hem döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýagty geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda yhlasly zähmet çekmäge çalyşýarys.