Yhlasa — myrat

3 Maý 2021
1206

Garaýagyzdan, kelteräk boýly ýigidiň mugallym bolup işe gelen wagty, onda kän bir hiç kimiň gözi eglenmändi. Her kim oňa adaty bir göz bilen seredipdi. Hiç kim onuň aýratyn zehinlidigi, başarnyklydygy, geljekde tanymal mugallym boljakdygy barada pikir hem etmändi. Mekdepde işe başlan wagtlary bary-ýogy 24 ýaşy bolsa-da, onuň durky bilen mugallymçylyk kärine berlen guýmagursak zehinlidigi barada hiç kimiň aňynda-da aýlanmady.

Merdan Orazow 2009 — 2014-nji ýyllarda Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okap, taryh-geografiýa fakultetini tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Soňra ol harby gullukda bolup, 2016-njy ýylda Garagum etrabyndaky 19-njy orta mekdebe geografiýa mugallymy bolup işe geldi. Özüniň ýaşlygyna garamazdan, işe başlan günlerinden mekdep okuwçylaryna döwrebap bilim-terbiýe bermäge, olaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açmaga girişdi. Geçýän sapaklaryndan daşary, goşmaça okuwlary gurap, mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşiklere okuwçylary taýynlap başlady.