Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2021/2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin 2021-nji ýylyň maý aýynyň 5-ine we 12-sine sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

3 Maý 2021
1970

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 28-18-53, 28-18-05.