Bilim — üstünlikleriň açary

2 Maý 2021
1407

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň bagtyýarlygy we ähli taraplaýyn sazlaşykly ösüşi ugrunda uly aladalar edilýär. «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni-aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge berýän aýratyn ünsi şeýle aladalaryň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň ýaşlar hakdaky aladalary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde öz beýanyny tapýar.

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamy düýpgöter özgerdi, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň many-mazmuny kämilleşdi. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalarynyň gurulmagy, ozaldan bar bolan orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň durkunyň täzelenip, olaryň döwrebap okuw tehnologiýalary, zamanabap görkezme esbaplary bilen enjamlaşdyrylmagy, şeýle-de many-mazmun, bilim-terbiýeçilik, bezeg taýdan kämilleşdirilen okuw kitaplarynyň neşir edilmegi munuň şeýle bolmagyny üpjün etdi. Şeýle bolansoň, bu gün bagtyýar ýaşlarymyz iň kämil, häzirki zaman kompýuterler, multimedia-interaktiw, lingafon enjamlary bilen ýokary derejede enjamlaşdyrylan bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanyp, bilim alýarlar. Bu zatlar ösüp gelýän ýaş nesli oňat bilim almaga ruhlandyryp, olarda bilimlere bolan höwesi berkitmäge hem-de gözýetimlerini giňeltmäge ýardam edýär.

Meretgeldi ATAÝEW,
Ak bugdaý etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň müdiri.