Nesil terbiýesi mukaddesdir

2 Maý 2021
1591

Geçen hepdäniň penşenbe hem-de anna günleri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky 99-njy çagalar bagynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. «Ýylyň mugallymy» hem-de «Ýylyň terbiýeçisi» döwlet bäsleşikleriniň şu ýylky jemleýji tapgyrynyň açylyş hem-de ýapylyş dabaralary paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde guraldy.

«Ýylyň terbiýeçisi — 2021» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan gelen, onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan terbiýeçileriň jemi 6-sy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri öz hünär ussatlyklaryny, syýasy, işjeňlik, ahlak sypatlaryny, medeniýetlilik derejelerini aýan edip, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ösüşine goşýan goşantlaryny açyp görkezmegi maksat edindiler. Olar ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatyna esaslanyp, ýaş nesliň döwrebap, çuňňur bilim almagy, edep-terbiýeli, ruhubelent, Watana wepaly bolup ýetişmekleri üçin alyp barýan işlerini beýan etdiler.

Ogulgurban REJEPOWA,
«Mugallymlar gazeti».