Körpelerde paýtagtymyza söýgi döretmek

2 Maý 2021
1059

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde körpelere paýtagt şäherimiz Aşgabat baradaky düşünjeleriň öwredilmeginiň ähmiýeti uludyr.

Mekdebe çenli bilim edaralarynda körpe nesillerimize paýtagtymyz Aşgabat baradaky düşünjeleri öwretmek üçin häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanmak üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle şertlerde işlenilende, körpeleriň ünsüni öwredilýän düşünjelere çekmek we olarda sapaga bolan gyzyklanmany döretmek ýeňil bolýar.

Iýmiş GAÝYPOWA,
Balkanabat şäherindäki 44-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.