Nurana ykbally ýaşlar

3 Maý 2021
1181

Ylymly, bilimli, Watanymyzy mundan beýläk-de ösüşiň ak ýoly bilen öňe alyp gitjek ýaşlaryň kemala gelmekleri, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar nesillerimiziň beden taýdan sagdyn, milli ruhumyza laýyk edep-terbiýeli, dürli hünärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri hemmämiziň arzuwymyzdyr. Şol arzuwlaryň wysal bolmagy, mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegi üçin eziz Arkadagymyz bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirýär, bilimden ýüki ýetik ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmakda bimöçber işleri amala aşyrýar. Döwlet derejesinde edilýän giň gerimli aladalar, döredilýän şert-mümkinçilikler her birimizi buýsandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bagtyýar nesilleri hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän atalyk aladasyna perzentlik söýgüsi, bilim almaga, hünär öwrenmäge bolan yhlasy, geljekde ilhalar adamlar bolup ýetişmek hyjuwy bilen jogap berýärler. Olar özleriniň bagtyýar ertirlerimiziň eýeleridigine, geljekde ýurdumyzy dolandyrmaly adamlardygyna oňat düşünip, ylmy, bilimi durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwürýärler, başarnykly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi esasy maksady hasaplaýarlar. Olaryň döredijilik ukybyny bolsa okuwda, dürli derejeli bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerinde görmek bolýar.

Sonagül ORAZOWA,
Balkanabat şäherindäki R. Toýjanow adyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.