"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Baý­da­gyň be­lent­dir dün­ýäň öňün­de

Dünýäde ykrar edilen türkmen Bitaraplygynyň şanly senesiniň BMG-niň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilmegi ata-babalarymyzyň parahat söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ykrar edilmegidir. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygyň çuňňur manysyny «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Halkara Bitaraplyk gününi halkymyz uly ruhubelentlik bilen dabaraly belleýär. Bu baýramyň şanyna ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda baýramçylyk çykyşlary we dabaralary guralýar». Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berlenden soň, döwletimiziň Baýdagynda zeýtun baldajyklary ýerleşdirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasy döwletiň hemişelik Bitaraplyk derejesini ýurdumyzyň döwlet nyşanynda beýan etmäge hökmanylygy döretdi. Şonuň üçin 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» hakyndaky Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Bi­ta­rap­lyk söh­be­ti («Sonlamajak söhbetler» atly makalalar toplumyndan)

Hä­zir­ki za­man­da ta­ryh iň bir mö­hüm ylym­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Ýer ýüzüniň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek bi­len, Ýe­riň hä­si­ýe­ti­ne göz ýe­tirilýär hem-de adam­za­dyň er­tir­ki gü­nü­niň nä­hi­li bol­jak­dy­gy­ny kes­git­le­mä­ge sy­na­ny­şyk­lar edil­ýär. Ýe­riň ta­ry­hy onuň ösüş­le­ri­niň dö­wür­le­ri­ni, dö­rän gü­nün­den şu gü­ne çen­li on­da bo­lup ge­çen mö­hüm wa­ka­la­ry aý­dyň­laş­dyr­ýar. Ol bol­sa gel­jek­ki müň­ýyl­lyk­la­ra ni­ýet­le­nen mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Edil şo­nuň ýa­ly, her bir ýurt hem öz ta­ry­hy­ny has iç­gin öw­ren­mä­ge, onuň iň bir şöh­rat­ly sa­hy­pa­la­ry­ny aý­dyň­laş­dyr­ma­ga ýyk­gyn ed­ýär. Se­bä­bi ýur­duň ta­ry­hy şol ýurt­da ýa­şa­ýan halk­la­ryň yk­ba­ly­dyr. Hal­kyň ta­ry­hy her nä­çe çuň, ga­dy­my, şöh­rat­ly bol­du­gy­sa­ýy hal­kyň yk­ba­ly hem esas­ly, berk bin­ýat­ly, röw­şen bol­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da, aý­ra­ty­nam, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de türk­men ta­ry­hy­ny iç­gin öw­ren­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi­niň esa­syn­da hem şol ha­ky­kat ýa­tan­dyr. Ge­çen gys­ga döw­rüň için­de biz ta­ry­hy­my­zyň kök­le­ri­niň asyr­la­ra däl, müň­ýyl­lyk­la­ra uzap gid­ýän­di­gi­ni öw­ren­dik, oňa göz ýe­tir­dik. Bu gün Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy di­ňe bir türk­men ta­ryh­çy­la­ry­nyň däl, eý­sem, dün­ýä­niň alym­la­ry­nyň hem ün­sü­ni özü­ne çe

Hemişelik Bitaraplyk — mukaddes gymmatlyk

Watan hakda söz açylanda, seriň hemişe buýsançdan dolýar. Ilkinji nobatda hem, döwletliligimizi aňladýan mukaddes nyşanlar — baýdak, tugra, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda döwletimize mahsus aýratynlygymyz — hemişelik Bitaraplygymyz biziň üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy. Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly uly gymmatlykdyr. Gahryman Arkadagymyz: «Eger-de, milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýyşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýip belleýär. Dünýä ýüzünde dürli-dürli döwürlerde özüni Bitarap hökmünde yglan eden ençeme döwletler bolupdyr. Türkmenistan döwletimiziň gazanan Bitaraplyk derejesi bulardan düýpgöter tapawutlanýar we ol halkara syýasatynda täze bir ýoly, ugry görkezýär. Biziň Bitaraplygymyz iň iri halkara guramasy bolan BMG tarapyndan, oňa agza döwletleriň ählisiniň biragyzdan makullamagy esasynda gazanyldy. Dünýäde BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen ilkinji döwlet Türkmenistandyr. Bu bolsa halkara syýasatynda täze bir sahypanyň açylandygyny buşlady. Bu biziň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanan uly syýasy üstünlikleriniň biridir.

«Dialog — parahatçylygyň kepili»: Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli halkara forumda hormatly Prezidentimiz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmegi teklip etdi. Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesini giňden bellän Türkmenistan ýene-de bir uly baýramyny belledi: 12-nji dekabrda Türkmenistanyň Milletler Bileleşigine agza bolup durýan 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi bilen gazanan hemişelik Bitaraplyk derejesine 26 ýyl boldy. Türkmenistanyň bu halkara hukuk ýagdaýy daşary syýasatymyzyň esasy ýörelgesi we özenidir. Bu dereje Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky degişli Kararnamasy hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky täzeden goldanan Kararnamasy bilen ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şundan görnüşi ýaly, bu baýram, Garaşsyzlyk baýramyndan soňra, döwlet derejesindäki iň uly baýramdyr.

Milli gymmatlyklaryň sarpasy

Gahryman Arkadagymyzyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde sözlän sözi ähli halkymyzy buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda baky Bitaraplygymyzyň çuňňur manysynyň milli ýörelgeler, mirasymyz bilen bagly taraplaryny açyp görkezdi. «Taryha ser salsaň, Bitaraplygyň halkymyzyň milli ruhy bitewüligi, iň asylly häsiýetleri, ýörelgeleri, şu günki günde bolsa dünýä halklarynyň bähbitleri bilen berk baglydygyny görmek bolýar» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň çykyşyndan halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklaryna egsilmez söýgi eriş-argaç bolup geçýär. Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, edermen türkmen alabaýlary şol gymmatlyklaryň hatarynda goýulýar. Munuň özi milli gymmatlyklarymyz hakdaky oý-pikirleriňe ganat berýär.

Baky bagtyýarlygyň mukamy

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly täze, ajaýyp goşgusynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlara düşündirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri özleriniň belent borjy saýýarlar. Şeýle bolansoň, häzirki günlerde bilim-terbiýeçilik ojaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň täze şygrynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüň edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şahyrana eseri ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli ulus-ilimize özboluşly sowgat boldy. Bu goşgynyň özeninde çuňňur many jemlenýär. Onda Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi, halklaryň dost-doganlykda, agzybirlikde ýaşamagy bilen bagly çagyryş dabaralanýar, ynsanperwerlik wagyz edilýär. Milli Liderimiziň täze goşgusynyň uly gyzyklanma döretmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Ýaşasyn parahat durmuş!

Meniň sözüm — könäň sözi,Meniň sözüm — täzelik däl:Ýaraglaň sesi, sem boluň!Mukaddes zatlaň hakyna,Bütin dünýäniň hakyna,Saklanalyň, adamlar! Millionlarça ykbalaGyýa garamak bolmaýar,Ýowuz daramak bolmaýar!Soňsuz asmanyň hakyna, Beýik Zeminiň hakyna, Saklanalyň, adamlar!

Bagtyň ikinji ady

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, dünýä bileleşigi 1995-nji ýylda birinji gezek, 2015-nji ýylda ikinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesini ykrar etdi. Elbetde, 26 ýyl taryh üçin örän gysga möhlet. Emma ömrüň manysynyň ýaşalan günler bilen däl-de, bitirilen işler bilen ölçenilişi ýaly, çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, aýdylyşy ýaly, asyrlyk işlere barabardyr. Şol ýyllaryň dowamynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhyna milli we umumadamzat ähmiýetli möhüm wakalaryň köp sanlysy ýazyldy. Üçünji müňýyllyk adamzat durmuşyny bütinleý özgertdi. Külli ynsanyň bagtyýar durmuş baradaky röwşen arzuw-umytlarynyň ählisi parahatçylyk we bitaraplyk diýen mukaddes düşünjelerde öz beýanyny tapdy. Çünki parahatçylyk her ýüregiň, her ojagyň, her döwrüň, döwletiň küýsegi. Ilçilikde gurgun, abadan-asuda hojalyga bagtly maşgala diýilmesi bar. Bagtyň ikinji bir ady parahatçylykdyr. Şol bagtyň diňe özünde däl-de, goňşusynda, bütin ilinde-gününde bolmagyny köňül goýup islemek bolsa, türkmeniň edähedidir. Çylşyrymly eýýamda şu ýörelgäni baýdak edinip, giň jahanda ykrar etdirip bilmek bolsa belent mertebedir.

Dostlugyň täze keşbi

Bütin dünýäniň ähli ösüşleriniň özeninde parahat durmuş bar. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, parahatlyk — ýürek baýdagy. Parahatlyk syýasatyna esaslanýan ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik Bitaraplyk syýasatymyzyň baş ýörelgeleri bolup, dost-doganlygyň täze keşbini äleme wagyz edýär. Milli Liderimiz islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hem millilige ýugrulan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, sabyrlylyk we ynsanperwerlik däpleri giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy döwletiň içerki gurluşynyň mäkäm sütünine daýanmak bilen, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň ýüze çykmagynyň esasy bolup durýar. Parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen daşary syýasatymyzyň dünýä arenasynyň uzak möhletleýin maksatlaryna, halkara durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, halkara gatnaşyklarynyň özeni bolup durýan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna gabat gelýändigini bellemek gerek.

Durnukly ösüşiň mizemez binýady

Eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmegiň, halkara guramalar bilen köpugurly özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm, ygtybarly guraly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, turuwbaşdan halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny berkitmegiň bähbidine gönükdirilendir. Çünki türkmen Bitaraplygy — munuň özi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we parahatçylyksöýüjilige daýanýan döwlet syýasatymyzyň bir bitewi aňlatmasydyr. Gahryman Arkadagymyz mähriban halkyna, Garaşsyz Watanymyza bolan mizemez söýgüsinden dörän «Bitarap Türkmenistan» kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, türkmeniň milli ahlagyndan, geçmişinden we geljegine bolan beýik ynamyndan alyp gaýdýandygyny giňişleýin düşündirýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza beren bu serpaýynda dünýä tejribesinde kemala gelen we ykrar edilen Bitaraplygyň milli türkmen nusgasynyň daşary syýasatda tutuş dünýäniň parahatçylygyny, asudalygyny saklamaga we döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat edýändigi dogrusynda hem aýratyn nygtalýar.

Döwletli tutumlar rowaçlanýar

Gadymy türkmen topragy bu gün bagy-bossanlyga, bagtyýarlygyň mekanyna öwrülip, barha gözelleşýär. Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň bir döwlete gulluk etmek baradaky ýürek arzuwlary, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara geçip gelen döwletlilik pelsepesi Garaşsyzlygyň gazanylmagy bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuş hakykatyna öwrüldi. Ýurdumyzda bitirilýän beýik işler bu günki günde jümle-jahany haýran galdyrýar. Isle, Hazara bar, Jeýhuna bar, isle Pendi çölünde gez, Ahal ýaýlalaryna seýran eýle, Was düzlüginde gadymyýetiň yzlaryny synla, ösüşlere we özgerişlere, gözelliklere gözüň düşýär. Bu joşgunly buýsançdan doly göwünlerde dillerimize şirinden-şirin sözler zybana gelýär. Ine, şeýle şirin sözler bolsa Täze, 2022-nji ýylymyzy «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky teklipde jemlenýär. Agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiz bilen ykbaly göterlip, beýik ösüşlere barýandygy bu günki günde älem-jahana mälimdir. Häzirki wagtda Türkmenistan, türkmen halky, türkmen topragy diýen sözler dünýäniň geografik giňişliklerine ýaýrap, ol dünýä halklarynyň ýüreginde parahatçylyk söýüji we dost-doganlyga gol berýän ajaýyp düşünje hökmünde özüni görkezýär. Türkmenistan diýlende, umumadamzat ýaşaýşynyň ebedi asudalygyny, dünýä döwletleriniň jebisligini we şol jebislik bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ähli halklaryň eşretli, bolçulykly

Dünýä nusgalyk ýörelge

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umyt-arzuwlar bilen bereketli gelýän ýyllary ajaýyp zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylaýarlar. Tamamlanyp barýan 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly halkymyz üçin ýatdan çykmajak şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenen ajaýyp ýyllaryň biri bolup, täze taryhyň altyn sahypasyna ýazylýar. Bu gün parahatçylygyň, asudalygyň, ynanyşmagyň mekany hökmünde at-owazasy jahana dolan Türkmenistan bedew batly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler döwletiň kuwwatlanmagyna we halkara abraýynyň has-da artmagyna alyp barýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan parahatçylygyň merkezine, halklaryň dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna gönükdirilen halkara forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyz halkara giňişliginde dünýäniň döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Gazanylýan ösüşler, belent sepgitlere ýetilmegi halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri, yhlasly çekilýän döredijilikli zähmet, dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda üpjü

Halkyň ynamynyň we söýgüsiniň güwäsi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir ýyly uly üstünliklere besleýär. Her ýyl taryhyň täze sahypasyny alamatlandyrmak bilen, möhüm wezipeleri öňde goýýar, adamlary belent maksatlara ruhlandyrýar. Şunda ýurdumyzda her ýylyň döwrüň ruhundan, belent joşgunyndan gelip çykýan şygar bilen atlandyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Tamamlanyp barýan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen atlandyrylmagy milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky degişli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy. Bu ýylyň adyna laýyk ösüşler, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna aýratyn dabara, giň gerim berdi.

Arkadagly zamanamyzyň waspy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen geçirilen aýdym-sazly, dabaraly maslahata dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar. «Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde uludan tutulan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy bilen taryha zer harplar bilen ýazyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly tamamlanyp barýar. Döwletli Diýarymyzda her ýyla özboluşly at berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin taryhy wakalara beslenmegine açylýan mümkinçilikleriň beýanydyr. Geljek ýyly hem halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-isleglerini nazara alyp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýip atlandyrmak barada teklip edilmegi buýsanjymyza buýsanç goşýar» diýlip, dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda bellenip geçildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda asyrlara barabar işleriň edilendigi öwran-öwran nygtalyp, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Köňülleriň parahatçylyk senasy

Adamzat döräli bäri, jemgyýetiň esasy aladasy parahat, agzybir, asuda döwletleriň binýadyny gurmakdyr. Häzirki döwürde hem şeýle pähim-parasatdan ruhlanýan ähli halklar asudalyk, parahatlyk bilen bagtyýardyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda belleýşi ýaly, parahat durmuşyň islendik döwürde hem belli bahasy ýokdur, parahatçylyk hemmeleriň arzuwydyr. Parahatçylyk Zeminde bagtyýar durmuşyň höküm sürmegi üçin gerekdir. Gahryman Arkadagymyz 11-nji dekabrda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda eden çuň manyly çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilendigini belläp, bu ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», 12-nji dekabryň bolsa bütin dünýäde «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilendigini buýsanç bilen nygtady. Şeýle-de merdana türkmen halkynyň dünýä beren maddy we ruhy gymmatlyklary hakynda giň mazmunly taryhy çykyşy bilen türkmeniň sözüni dünýä ýaýdy. Milli Liderimiz öz çykyşynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkarar bolmagy baradaky başlangyjy-da öňe sürdi.

Dünýäniň bezegi — parahat durmuş

Dünýäni, ýaşaýşy gözelleşdirýän zatlaryň iň esasysy parahatçylyk bolsa gerek, megerem. Hawa, parahatçylyk, parahat durmuş dünýäniň bezegi hem-de rowaçlyklarymyzyň, ýagty ertirlerimiziň gözbaşy. Bu hakykaty ata-babalarymyzyň geçen durmuş ýoly, giň taryhy tejribesi aýan etdi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap Türkmenistan pederlerimiziň ajaýyp durmuş ýoluny üstünlikli dowam edip, bütin dünýä parahatçylyk nuruny paýlaýar. Dünýä ösüşine, rowaçlygyna mundan uly goşant goşmak bolup bilermi, eýsem?! Ine, türkmeniň parahatçylyk ýoly, bütin dünýäde parahatlyk daragty hökmünde janlanan baky Bitaraplygymyzyň adamzadyň ösüşli geljeginiň gözbaşy. Muňa 2021-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Ýer ýüzünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Parahatçylyga çagyryşyň milli nusgasy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasy ugry halkara gatnaşyklary ulgamynda uly seslenmä we ykrarnama eýe bolýar. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza döwletleriň Baştutanlarynyň VIII sammitinde Türkmenistanyň bu geňeşe synçy hökmünde girmegi barada çözgüt kabul edildi. Bu ähmiýetli çözgüt türki dilli döwletler bilen hyzmatdaşlygymyzyň taryhynda täze sahypanyň açylýandygyndan we özara gatnaşyklarda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyndan habar berýär. Milli Liderimiz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň halkara bileleşigine jogapkärli gatnaşyjy bolmak bilen, dünýäniň köp ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Türkmenistan daşary syýasy ugrunda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna yzygiderli eýerýär we Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň yzygiderli goldawyna eýe bolýar. Milli Liderimiz bu sammitde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň işini gowulandyrmak boýunça 5 sany teklip bilen çykyş etdi.

Abadan ýaşaýşyň milli senasy

«7/24.tm», №51 (82), 20.12.2021. Halkara Bitaraplyk gününiň uludan toýlanylan günlerinde Arkadag Prezidentimiz parahatçylygyň şahyrana senasyny giň okyjylar köpçüligine serpaý ýapdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň, dabaraly çäreleriň milli Liderimiziň köňül owazy hem pelsepewi garaýyşlar bilen utgaşmagy döwrüň ajaýyplygyndan habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşy we ajaýyp goşgusy milli Liderimiziň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini nazara alyp öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň anyk mysalyna öwrüldi.

Parahatçylyk senasy — köňülleriň sedasy

Halkyň kalbyndan syzylyp çykan milli gymmatlyklarymyzyň uly bölegi söz sungatydyr. Şirinligi, owazlylygy bilen tapawutlanýan söz sungaty şöhratly pederlerimiziň beýik ynançlaryny we dünýägaraýyşlaryny, durmuşyny, dil baýlygyny, gylyk-häsiýetini, döredijilik zehinini özüne siňdiren milli baýlygymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň külli adamzady parahatçylyga, asudalyga çagyrýan «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy dünýäde uly seslenme döretdi. Sebäbi ol tutuş adamzady agzybirlige, parahatçylyga çagyrýar. Ruhy dünýäsi baý ynsanyň, ruhy medeniýeti baý döwletiň geljeginiň hem ýagty boljakdygy şübhesizdir.

Bitaraplyk — berkararlygyň daýanjy

Şu ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatdaky Maslahatlar merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara maslahat hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentligine barýan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji merkez hökmündäki ornuny ýene bir ýola äşgär etdi. Maslahatyň dabaraly umumy mejlisine milli Liderimiziň gatnaşmagy we bu ýerde eden taryhy çykyşy baky Bitarap döwletimiziň sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlary ugrunda amala aşyrýan syýasatynyň gyşarnyksyz häsiýete eýediginiň, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy. Mundan 26 ýyl öň ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu waka halkara diplomatiýanyň täsin hadysasyna hem-de ähli watandaşlarymyzyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Netijede, bu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä bileleşiginiň işlerinde özboluşly hukuk ulanyş tejribesi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Bitarap döwletiň borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirip, öz döredijilik we ylalaşdyryjylyk kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar. Şonuň üçin-de, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň mysalynda «bitaraplyk» we «öňüni alyş diplomatiýasy» düşünjeleriniň özara baglanyşygy aýdyň görünýär, munuň özi anyk iş