Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly täze, ajaýyp goşgusynyň terbiýeçilik ähmiýetini ýaşlara düşündirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri özleriniň belent borjy saýýarlar. Şeýle bolansoň, häzirki günlerde bilim-terbiýeçilik ojaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda döwlet Baştutanymyzyň täze şygrynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüň edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly şahyrana eseri ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli ulus-ilimize özboluşly sowgat boldy. Bu goşgynyň özeninde çuňňur many jemlenýär. Onda Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi, halklaryň dost-doganlykda, agzybirlikde ýaşamagy bilen bagly çagyryş dabaralanýar, ynsanperwerlik wagyz edilýär. Milli Liderimiziň täze goşgusynyň uly gyzyklanma döretmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.