Arkadagly zamanamyzyň waspy

21 Dekabr 2021
1601

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen geçirilen aýdym-sazly, dabaraly maslahata dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar.

«Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde uludan tutulan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy bilen taryha zer harplar bilen ýazyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly tamamlanyp barýar. Döwletli Diýarymyzda her ýyla özboluşly at berilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin taryhy wakalara beslenmegine açylýan mümkinçilikleriň beýanydyr. Geljek ýyly hem halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-isleglerini nazara alyp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýip atlandyrmak barada teklip edilmegi buýsanjymyza buýsanç goşýar» diýlip, dabaraly maslahatda edilen çykyşlarda bellenip geçildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda asyrlara barabar işleriň edilendigi öwran-öwran nygtalyp, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

(Öz habarçymyz).
Surata düşüren Alýona PAKULOWA.