Dünýä nusgalyk ýörelge

21 Dekabr 2021
1721

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umyt-arzuwlar bilen bereketli gelýän ýyllary ajaýyp zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylaýarlar. Tamamlanyp barýan 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly halkymyz üçin ýatdan çykmajak şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenen ajaýyp ýyllaryň biri bolup, täze taryhyň altyn sahypasyna ýazylýar. Bu gün parahatçylygyň, asudalygyň, ynanyşmagyň mekany hökmünde at-owazasy jahana dolan Türkmenistan bedew batly ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler döwletiň kuwwatlanmagyna we halkara abraýynyň has-da artmagyna alyp barýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan parahatçylygyň merkezine, halklaryň dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna gönükdirilen halkara forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyz halkara giňişliginde dünýäniň döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar. Gazanylýan ösüşler, belent sepgitlere ýetilmegi halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri, yhlasly çekilýän döredijilikli zähmet, dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda üpjün edildi.

«Mugallymlar gazeti».