Parahatçylyga çagyryşyň milli nusgasy

20 Dekabr 2021
1498

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasy ugry halkara gatnaşyklary ulgamynda uly seslenmä we ykrarnama eýe bolýar. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza döwletleriň Baştutanlarynyň VIII sammitinde Türkmenistanyň bu geňeşe synçy hökmünde girmegi barada çözgüt kabul edildi. Bu ähmiýetli çözgüt türki dilli döwletler bilen hyzmatdaşlygymyzyň taryhynda täze sahypanyň açylýandygyndan we özara gatnaşyklarda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyndan habar berýär.

Milli Liderimiz sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň halkara bileleşigine jogapkärli gatnaşyjy bolmak bilen, dünýäniň köp ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Türkmenistan daşary syýasy ugrunda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna yzygiderli eýerýär we Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň yzygiderli goldawyna eýe bolýar. Milli Liderimiz bu sammitde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň işini gowulandyrmak boýunça 5 sany teklip bilen çykyş etdi.

Dinmuhammet TEKÄÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.