Köňülleriň parahatçylyk senasy

20 Dekabr 2021
1589

Adamzat döräli bäri, jemgyýetiň esasy aladasy parahat, agzybir, asuda döwletleriň binýadyny gurmakdyr. Häzirki döwürde hem şeýle pähim-parasatdan ruhlanýan ähli halklar asudalyk, parahatlyk bilen bagtyýardyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda belleýşi ýaly, parahat durmuşyň islendik döwürde hem belli bahasy ýokdur, parahatçylyk hemmeleriň arzuwydyr. Parahatçylyk Zeminde bagtyýar durmuşyň höküm sürmegi üçin gerekdir.

Gahryman Arkadagymyz 11-nji dekabrda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatda eden çuň manyly çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilendigini belläp, bu ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», 12-nji dekabryň bolsa bütin dünýäde «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilendigini buýsanç bilen nygtady. Şeýle-de merdana türkmen halkynyň dünýä beren maddy we ruhy gymmatlyklary hakynda giň mazmunly taryhy çykyşy bilen türkmeniň sözüni dünýä ýaýdy. Milli Liderimiz öz çykyşynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkarar bolmagy baradaky başlangyjy-da öňe sürdi.

Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby, «Nesil».