Halkyň ynamynyň we söýgüsiniň güwäsi

21 Dekabr 2021
1646

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir ýyly uly üstünliklere besleýär. Her ýyl taryhyň täze sahypasyny alamatlandyrmak bilen, möhüm wezipeleri öňde goýýar, adamlary belent maksatlara ruhlandyrýar. Şunda ýurdumyzda her ýylyň döwrüň ruhundan, belent joşgunyndan gelip çykýan şygar bilen atlandyrylmagy uly ähmiýete eýedir.

Tamamlanyp barýan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen atlandyrylmagy milli Liderimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky degişli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy. Bu ýylyň adyna laýyk ösüşler, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanyldy, belent sepgitlere ýetildi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna aýratyn dabara, giň gerim berdi.

Akjemal DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.