Dostlugyň täze keşbi

22 Dekabr 2021
1487

Bütin dünýäniň ähli ösüşleriniň özeninde parahat durmuş bar. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, parahatlyk — ýürek baýdagy. Parahatlyk syýasatyna esaslanýan ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik Bitaraplyk syýasatymyzyň baş ýörelgeleri bolup, dost-doganlygyň täze keşbini äleme wagyz edýär.

Milli Liderimiz islendik döwletiň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda hem millilige ýugrulan parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, sabyrlylyk we ynsanperwerlik däpleri giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy döwletiň içerki gurluşynyň mäkäm sütünine daýanmak bilen, türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň ýüze çykmagynyň esasy bolup durýar. Parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen daşary syýasatymyzyň dünýä arenasynyň uzak möhletleýin maksatlaryna, halkara durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, halkara gatnaşyklarynyň özeni bolup durýan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna gabat gelýändigini bellemek gerek.

Täzegül YMAMGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent.