Bagtyň ikinji ady

23 Dekabr 2021
2643

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, dünýä bileleşigi 1995-nji ýylda birinji gezek, 2015-nji ýylda ikinji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk derejesini ykrar etdi. Elbetde, 26 ýyl taryh üçin örän gysga möhlet. Emma ömrüň manysynyň ýaşalan günler bilen däl-de, bitirilen işler bilen ölçenilişi ýaly, çärýek asyryň dowamynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, aýdylyşy ýaly, asyrlyk işlere barabardyr. Şol ýyllaryň dowamynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhyna milli we umumadamzat ähmiýetli möhüm wakalaryň köp sanlysy ýazyldy.

Üçünji müňýyllyk adamzat durmuşyny bütinleý özgertdi. Külli ynsanyň bagtyýar durmuş baradaky röwşen arzuw-umytlarynyň ählisi parahatçylyk we bitaraplyk diýen mukaddes düşünjelerde öz beýanyny tapdy. Çünki parahatçylyk her ýüregiň, her ojagyň, her döwrüň, döwletiň küýsegi. Ilçilikde gurgun, abadan-asuda hojalyga bagtly maşgala diýilmesi bar. Bagtyň ikinji bir ady parahatçylykdyr. Şol bagtyň diňe özünde däl-de, goňşusynda, bütin ilinde-gününde bolmagyny köňül goýup islemek bolsa, türkmeniň edähedidir. Çylşyrymly eýýamda şu ýörelgäni baýdak edinip, giň jahanda ykrar etdirip bilmek bolsa belent mertebedir.

Muhammet BEKGIÝEW,
žurnalist.