Dünýäniň bezegi — parahat durmuş

20 Dekabr 2021
1534

Dünýäni, ýaşaýşy gözelleşdirýän zatlaryň iň esasysy parahatçylyk bolsa gerek, megerem. Hawa, parahatçylyk, parahat durmuş dünýäniň bezegi hem-de rowaçlyklarymyzyň, ýagty ertirlerimiziň gözbaşy. Bu hakykaty ata-babalarymyzyň geçen durmuş ýoly, giň taryhy tejribesi aýan etdi.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap Türkmenistan pederlerimiziň ajaýyp durmuş ýoluny üstünlikli dowam edip, bütin dünýä parahatçylyk nuruny paýlaýar. Dünýä ösüşine, rowaçlygyna mundan uly goşant goşmak bolup bilermi, eýsem?! Ine, türkmeniň parahatçylyk ýoly, bütin dünýäde parahatlyk daragty hökmünde janlanan baky Bitaraplygymyzyň adamzadyň ösüşli geljeginiň gözbaşy. Muňa 2021-nji ýylyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda Ýer ýüzünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Geldimämmet ORAZMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.