Durnukly ösüşiň mizemez binýady

22 Dekabr 2021
1517

Eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmegiň, halkara guramalar bilen köpugurly özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm, ygtybarly guraly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, turuwbaşdan halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny berkitmegiň bähbidine gönükdirilendir. Çünki türkmen Bitaraplygy — munuň özi, halkymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we parahatçylyksöýüjilige daýanýan döwlet syýasatymyzyň bir bitewi aňlatmasydyr.

Gahryman Arkadagymyz mähriban halkyna, Garaşsyz Watanymyza bolan mizemez söýgüsinden dörän «Bitarap Türkmenistan» kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, türkmeniň milli ahlagyndan, geçmişinden we geljegine bolan beýik ynamyndan alyp gaýdýandygyny giňişleýin düşündirýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza beren bu serpaýynda dünýä tejribesinde kemala gelen we ykrar edilen Bitaraplygyň milli türkmen nusgasynyň daşary syýasatda tutuş dünýäniň parahatçylygyny, asudalygyny saklamaga we döwletleriň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat edýändigi dogrusynda hem aýratyn nygtalýar.

Jennet JUMANIÝAZOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.