"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýeralmanyň bol hasyly ýetişdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tomus paslynyň ilkinji aýy, mele toprakdan rysgyny tapýan kärendeçi daýhanlarymyzyň çeken asylly zähmetleriniň hasyl berýän döwri bolýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ak bugdaýyň ýetişip, gallaçy daýhanlarymyzyň bereketli hasyl ýygnaýan döwründe, gök-bakjaçy kärendeçilerimiz hem döwletimiziň azyk bolçulygyny artdyrmaga saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ynha, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçileri-de, gök-bakja, miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekde gazanýan oňat netijeleri bilen ýylyň-ýylyna welaýatda tapawutlanmagy başarýarlar. Paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Ataguly Mälikgulyýew işleriň gidişi dogrusynda biziň bilen söhbetdeş bolanda, şeýle gürrüň berdi:

Bereketli hasyly Watan harmanyna tabşyrdy

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Akdepe etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem galla orak möwsüminde öndürijilikli zähmet çekýärler. Daýhan birleşigi boýunça 640 gektar ýere güýzlük bugdaý ekilip, ondan şu günki günde guşgursak dänäniň ýokary hasyly kemala getirildi. Sahawatly toprakda bereketli hasylyň kemala gelmeginde öz zähmetini, köp ýyllyk tejribesini gaýgyrmaýan kärendeçiler we kärendeçiler topary zähmet çekýärler. Şeýle kärendeçileriň biri hem daýhan birleşiginde öz ykbalyny köp ýyllardan bäri mele topraga baglan Altybeg Nuryýewdir. Ol ähli ýyllarda bolşy ýaly, 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem 2 gektar ýere bugdaý ekip, azyklyk bugdaýyň ýokary hasylyny kemala getirdi. Ol ilkinjileriň hatarynda ýetişdiren bugdaý hasylyny ýygnap, 10 tonnadan gowrak guşgursak dänäni döwlet harmanyna tabşyrdy. Altybeg ýanýoldaşy Aýsere Nuryýewa bilen diňe bir bugdaýyň däl, eýsem, ýeralmanyň, gowaçanyň hem ýylyň-ýylyna bereketli hasylyny ýetişdirip gelýär. Bu jogapkärli möwsümde özüne ynanylan tehnikalara ezberlik bilen erk edýän kombaýnçylardan Orazgeldi Galpakow, Maksat Begmedow, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna çekýän sürüjilerden Myrat Nuryýew, Aşyr Allaberdiýew, Döwlet Arazdurdyýew, Durdymuhammet Soltanow öndürijilikli zähmet çekmek bilen, kärdeşlerine görelde bolýarlar.

Baş maksat ― önüm bolçulygy

Lebap welaýat Azyk önümçilik birleşiginde pagtanyň çigidini gaýtadan işlemegiň hasabyna alynýan azyk we hojalyk önümleriniň mukdary barha artýar. Munuň şeýledigine önümçilik birleşiginde şu ýylyň başyndan bäri edilen işler hem doly şaýatlyk edýär. Eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň netijesinde, edermen daýhanlarymyz «ak altyndan» bol hasyl alyp, milli ykdysadyýetimizi galkyndyrmakda uly işler alyp barýar. Türkmen topragynda ýetişen pagtadan taýýarlanylýan dokma önümlerine, azykdyr hojalyk harytlaryna dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Önümçilik birleşigimizde hem pagta çigidini gaýtadan işlemegiň hasabyna azyk we hojalyk pudaklary üçin peýdaly önümleriň her ýylda müňlerçe tonnasy alynýar. Hususan-da, sarun, harpyk, arassalanan pagta ýagy, soapstok, çig ýag turşulygy, hojalyk sabyny ýaly önümler yzygiderli öndürilip, alyjylara hödürlenilýär. Birleşikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden bäri 25 müň tonna golaý çigit gaýtadan işlenildi. Ondan arassalanylmadyk pagta ýagynyň 3950 tonnasy öndürildi. Şeýle hem birleşige degişli kärhanada şu ýylda sarunyň 9850 tonna golaýy, harpygyň 6600 tonnadan gowragy, arassalanan pagta ýagynyň 3200 tonna golaýy öndürildi.

Gallaçylaryň arasynda

Galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän döwründe partiýa guramamyzyň işjeň agzalary wagyz-nesihat işleriniň aglaba bölegini meýdan düşelgelerinde geçirýärler. Olar günortan arakesme döwründe oraga gatnaşýan mehanizatorlary, sürüjileri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, ýurdumyzda bolup geçýän syýasy, medeni täzelikler bilen tanyşdyrýarlar we amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygy barada gürrüň berýärler. Şeýle çäreleriň birini ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde geçirdik. Oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirmek üçin bu ýere gelen il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, partiýanyň işjeň agzalary Arkadagly Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirip, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş, iş şertlerini gün-günden gowulandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Sungat işgärleriniň çykyşlary bolsa olaryň günortanky gysga arakesmesine aýratyn öwüşgin çaýdy.

Il bähbitli tagallalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň hossarlyk aladalary netijesinde jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, ählumumy abadançylygy üpjün etmeklige, ilatyň ömrüni we saglygyny ygtybarly goramaklyga, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmeklige gönükdirilen ilhalar çäreler döwlet derejesinde barha rowaçlanýar. Il-ýurt bähbitli tagallalar, asylly işler ählihalk goldawyna we oňlamasyna eýe bolýar. Hut şu mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan temmäkä garşy göreşmek boýunça meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň zähmetkeşler köpçüliklerinde geçirilýän wagyz-ündew duşuşyklaryna we maslahatlaryna tejribeli lukmanlar, harby we hukuk goraýjy, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşyp, temmäki tüssesiniň we temmäki önümi bolan nasyň ynsan saglygyna, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, nesil terbiýesine ýetirýän zyýany dogrusynda giňişleýin çykyş edýärler. Bu çärelere ýaş nesliň wekilleri höwes bilen gatnaşyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklige, bilim, medeniýet, sungat we sport ýaly ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny äşgär etmeklige döredilýän mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Türkmen ýüpegi dünýä tanalýar

Ýurdumyzyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň pile harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar. Bu şanly ýylda medeni mirasymyzyň «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» görnüşi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna goşuldy. Ýüpekçilikde ýokary üstünligiň gazanylmagam, onuň dünýä bileleşiginde ykrar edilmegem ýöne ýerden däl. Halkymyzyň ýüpek önümçiligi öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu babatdan akademik M. E. Masson öz döwründe V asyrda ýüpekçilik medeniýetiniň Merwe çenli gelip ýetendigini subut etse, wenesiýaly jahankeşde Marko Polo öz kitabynda türkmenler hakynda: «Bu ýerde, biler bolsaňyz, iň nepis hem owadan halylar öndürilýär, şeýle-de gyzyl, başga reňkde hem kaşaň görnüşli, bijaý oňat matalar dokalýar...» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly taryhy eserinde bolsa, Beýik Ýüpek ýoly bilen Hytaýdan Günbatara köp sanly harytlaryň, esasan hem, ýüpegiň daşalandygy barada aýdylýar. Bu ajaýyp eserden käbir jümlelere ünsi çekeliň: «Merwde ýüpek öndürýänler we işleýänler hem köp ekeni», «Merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň amal-usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr», «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hy

Altynsow sümmülleriň aýdymy

(oçerk) Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň galla oragy möwsüminiň öň ýanynda «uly iliň soltany» saýylýan ak bugdaýyň bol hasylynyň kemala gelşini synlamak maksady bilen, Mary welaýatynda döredijilik saparynda bolanymyzda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri Güljemal Nazarowa bizi ekin meýdanlaryna aýlady. Ol:

Galla oragy guramaçylykly barýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bugdaý oragy möwsümi welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde hem ýokary öndürijilikli alnyp barylýar. Bu ýerde şeýle möhüm çärä hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişilmegi özüniň oňat netijesini berýär. Munuň şeýledigini birleşigiň döwlet harmanyna galla tabşyrmakda gündelik gazanýan ösüş depginleri hem tassyklaýar. Daýhan birleşiginde şu wagta çenli kärendeçi daýhanlaryň ençemesiniň bugdaý meýdanlarynda geçirilen orak, olarda bereketli hasylyň kemala getirilendigini anyk subut etdi. Mysal üçin hojalygyň tejribeli gallaçylarynyň hatarynda atlary agzalýan Gülçehre Kerimowa 3 gektar meýdandan 9 tonna 226 kilogram, Allaberdi Berdygylyjow 1 gektardan 4 tonna 540 kilogram, Hojamyrat Jumabaýew 0,7 gektar ýerden 3 tonna 920 kilogram guşgursak däne ýygnap, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Galla oragy üstünlikli dowam edýär

Daýhanyň alyn derini siňdirip ýetişdiren bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap, döwlet ammaryna öz wagtynda tabşyrylmagyny, orak möwsüminde işledilýän kombaýnlardan ýerlikli peýdalanmagy, gallany kabul ediş kärhanasyna tabşyrmakda bökdençligiň bolmazlygyny gazanmak orak möwsüminiň möhüm talabydyr. Şonuň üçin Babadaýhan etrabynda hem orak möwsüminde bökdençlikleriň bolmazlygy üçin çäreler göz öňünde tutulýar. Tehnikalara hyzmat ediş toparlary näsazlyk tapan tehnikalary iş üstünde abatlamak işine uly ähmiýet berýärler. Zähmet howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem daýhanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen iş üstünde öňdebaryjy kombaýnçylara we bugdaý daşaýjy ulaglaryň sürüjilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Gallaçylar höweslendirilýär

Şu günler Ak bugdaý etrabynda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Däne orujy kombaýnlar bol hasylly meýdanlarda gije-gündiz hereket edip, ýygnalan hasyl kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşalýar. Bu babatda mehanizatorlaryň we awtoulag sürüjileriniň saldamly hyzmaty bar. Hyzmat ediş toparlarynyň işi hem göwnejaý ýola goýlan. Bu zatlar galla oragynyň depginli we sazlaşykly alnyp barylmagynyň şertini emele getirýär. Etrabymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem şu gyzgalaňly we jogapkärli möwsümde höweslendiriş işlerine uly üns berýär. Birleşmäniň hünärmenleri zähmetiň gyzgalaňly dowam edýän ýerlerinde bolup, gallaçylaryň armasyny ýetirip durýarlar, tapawutlananlara ýörite höweslendiriş sowgatlaryny gowşurýarlar. Daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde günorta arakesme wagtlarynda guralýan medeni dynç alyş dabaralarynyň barşynda-da öňdebaryjy gallaçy kärendeçiler, kombaýnçylar we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sylaglanýar. Şeýle höweslendiriş işleri galla oragynyň depginine oňyn täsirini ýetirýär.

Suw damjasy — altyn dänesi

Ata-babalarymyz agyz suwuny ýöne ýerden gymmatly baýlyga deňemändirler. Arassa agyz suwy saglygyň girewi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanypdyr. Saglyk — ynsanyň başynyň täji. Içimlik suw bolsa adamzat ýaşaýşynyň ilkibaşdaky döwürlerinden bäri üns merkezinde saklanyp gelýär. Häzirki wagtda ol dünýä derejesinde iň wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Sebäbi Ýer togalagynyň üçden iki bölegini suw tutýan-da bolsa, onuň içmek üçin ýaramlysy üç göterimden aňry geçenok. Şonuň üçin ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek we ýerasty, ýerüsti içimlik suwlardan rejeli peýdalanmak, suwuň hapalanmagynyň öňüni almak ýaly meseleler dünýä döwletleriniň öňünde derwaýys mesele hökmünde örboýuna galdy. Ýurdumyzda 2010-njy ýylyň oktýabrynda «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň 14-nji maddasynda: «Türkmenistanyň çäginde her bir adama bellenilen hil kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän mukdarda agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär» diýlip bellenilýär. Şundan görnüşi ýaly, ýurdumyzda her bir raýatyň arassa agyz suwy bilen üpjün bolmaga doly hukugy bardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkyň saglygy bilen baglanyşykly meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki arassa howanyň, arassa agyz suwunyň we arassa iýmitiň bar ýerinde sagdyn ýaşaýyş höküm sürýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň etraplarynyň, şäherçe

Bugdaýly meýdanlardaky zähmet

Milli ykdysadyýetde agrosenagat toplumy möhüm orny eýeleýän pudaklaryň biridir. Onuň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny yzygiderli pugtalandyrmak, içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümleri bilen doldurmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek Arkadagly Serdarymyzyň obasenagat toplumynda üstünlikli durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeleriniň öňde goýýan derwaýys wezipeleridir. Maddy-tehniki binýady ýylsaýyn berkidilýän bu ulgamyň eýeleýän wajyp ornuny has-da pugtalandyrmaga, oba adamlarynyň iş hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga giň mümkinçilik berýän özgertmeleriň amala aşyrylmagynda Balkan welaýatynda hem yzygiderli ösüşlere ýetilýär. Şu günler galla oragy günbatar sebitiň iri oba hojalyk etraplarynyň biri bolan Bereket etrabynda hem ýokary depginde dowam etdirilýär. Garagum derýasynyň boýundaky ekin dolanyşygyna girizilen meýdanlarda arly ýyl yhlasly zähmet siňdirilip ýetişdirilen altyn başly bugdaý sümmüllerini synlanyňda, göwnüň göterilýär. Etrapda bu möhüm möwsüme gatnaşýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň her biriniň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda zerur tagallalar edilýär. Hut häzirki wagtda etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanlarynda alnyp barylýan işler hem, sözüň doly manysynda, welaýat boýunça görelde alarlyk görkezij

Däneçiligiň milli kanunçylykdaky orny

Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ata Watanymyzy ykdysady taýdan ösen kuwwatly döwlete öwürmek babatda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen we häzirki wagtda hereket edýän «Pagtaçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda», «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda», «Daýhan birleşikleri hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary oba hojalyk ulgamyny anyk ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny üpjün edýär.

Obasenagat toplumynda sazlaşykly işler üpjün edilmelidir

14-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, obasenagat toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi hem-de galla oragynyň depginleri bilen tanyşdy. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Ak bugdaý etrabynyň galla meýdanlarynda hem orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işleri ýola goýuldy. Bu bolsa galla oragynyň ýitgisiz hem-de gysga möhletde geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Günbatar sebitde galla oragynyň depgini bilen tanyşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. 13-nji iýunda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Diýarymyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanynyň ýanyna gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow we Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew mähirli garşyladylar.

Harmanyňyza bereket!

Boldumsaz etraby boýunça jemi 22500 gektar ýere bugdaý ekilip, häzirki wagtda Watan harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmakda  «10-ýyl abadanlyk», «27-nji oktýabr», «Döwletli», «Türkmenistan», «Baýdak» daýhan birleşiklerinde ýokary netijeleri gazanýan kärendeçileriň ençemesi bar. Olardan Orunbaý Çalkarow, Tahyr Amanbaýew, Kömek Amandurdyýew, Döwlet Gurbanbaýew, Artykgylyç Nazarow dagy guşgursak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirip, döwlet harmanyna galla tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirýärler. Gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde kärendeçi daýhanlar bilen bir hatarda, mehanizatorlaryň ýerine ýetirýän işleri aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda öňdebaryjy mehanizatorlara, ýokary hasyl tabşyran gallaçy kärendeçilere we iň köp galla daşan sürüjilere TAP-nyň Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

Zähmet bäsleşigi yglan edildi

Şu günler ýurdumyzda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ak bugdaýyň watany bolan ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki aladalary netijesinde gallaçy  kärendeçilerimiz  üçin ýokary zähmet şertleri döredilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi hem bu möwsümiň üstünlikli geçirilmegi üçin özleriniň mynasyp goşandyny goşýar.

«Hatap» pellehana golaýlaýar

Şu günlerde hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygyny üpjün etmeklige gönükdirilen döwletli maksatnamalaryny berjaý etmek üçin lebaply babadaýhanlar bugdaýly meýdanlarda yhlas bilen zähmet çekýärler. Maňlaý deri siňdirilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda welaýatymyz boýunça Kerki etrabynyň gallaçy kärendeçileri has tapawutlanýarlar. Etrabyň «Hatap» daýhan birleşiginiň kärendeçileri kerweniň başyny çekip barýarlar. Bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnama bu ýerde 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Öňdebaryjy hojalyga ýedi ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Merdan Hakyýew bugdaýyň hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin ähli çäreleriň görülýändigini aýdýar. Onuň maglumatlaryndan görnüşi ýaly, hojalygyň pellehana ýetmegine bary-ýogy 2-3 gün galypdyr. Bu sözleri ýere eýeçilik edýän daýhanlaryň özlerinden eşitmegiň lezzeti has-da başgaça bolýar.

Gündogar sebitiň bereketli şalysy azyk bolçulygyna uly goşant bolar

Lebaply ekerançylar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 10 müň 200 gektarda ekilmegi meýilleşdirilen şalydan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. Şu günlerde bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda beýleki aralyk ekinler bilen birlikde şalynyň ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatymyzda esasy ekilýän aralyk ekinleriň birisi şalydyr. Şu ýyl şalynyň ekişi eýýäm 8 müň gektardan gowrak meýdanda guramaçylykly geçirildi. Darganata etrabynda şaly ekişi eýýäm tamamlandy. Köýtendag, Hojambaz, Kerki etraplarynyň ekerançylary hem bereketli ekiniň ekişini tamamlamagyň öňüsyrasynda. Şalynyň gögerip çykan meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar.

Welaýatymyzda bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär

Galla meýdanlaryndaky gujurly zähmet Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bugdaý oragy möwsümine badalga berilmeginiň yzysüre ähli ýerlerde bu gaýragoýulmasyz çäräniň depgini bada-bat ýokarlandy. Şeýlelikde, häzirki günlerde aňyrsy uzaklara ýaýylyp gidýän altynsow meýdanlarda gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň köp sanlysynyň çekýän ýadawsyz zähmetiniň netijesinde, ak bugdaýly harmanlaryň başy barha belende galýar.