Türkmen ýüpegi dünýä tanalýar

24 Iýun 2023
531

Ýurdumyzyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň pile harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar. Bu şanly ýylda medeni mirasymyzyň «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» görnüşi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna goşuldy.

Ýüpekçilikde ýokary üstünligiň gazanylmagam, onuň dünýä bileleşiginde ykrar edilmegem ýöne ýerden däl. Halkymyzyň ýüpek önümçiligi öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu babatdan akademik M. E. Masson öz döwründe V asyrda ýüpekçilik medeniýetiniň Merwe çenli gelip ýetendigini subut etse, wenesiýaly jahankeşde Marko Polo öz kitabynda türkmenler hakynda: «Bu ýerde, biler bolsaňyz, iň nepis hem owadan halylar öndürilýär, şeýle-de gyzyl, başga reňkde hem kaşaň görnüşli, bijaý oňat matalar dokalýar...» diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly taryhy eserinde bolsa, Beýik Ýüpek ýoly bilen Hytaýdan Günbatara köp sanly harytlaryň, esasan hem, ýüpegiň daşalandygy barada aýdylýar. Bu ajaýyp eserden käbir jümlelere ünsi çekeliň: «Merwde ýüpek öndürýänler we işleýänler hem köp ekeni», «Merwli ýüpekçileriň arasynda hem hytaýlylaryň amal-usullaryny özleşdiren ussatlar bolupdyr», «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir».

«Zenan kalby».