Günbatar sebitde galla oragynyň depgini bilen tanyşlyk

22 Iýun 2023
508

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. 13-nji iýunda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Diýarymyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Batly-Gadam» hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanynyň ýanyna gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow we Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew mähirli garşyladylar.