Gallaçylaryň arasynda

26 Iýun 2023
589

Galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän döwründe partiýa guramamyzyň işjeň agzalary wagyz-nesihat işleriniň aglaba bölegini meýdan düşelgelerinde geçirýärler. Olar günortan arakesme döwründe oraga gatnaşýan mehanizatorlary, sürüjileri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, ýurdumyzda bolup geçýän syýasy, medeni täzelikler bilen tanyşdyrýarlar we amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygy barada gürrüň berýärler.

Şeýle çäreleriň birini ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde geçirdik. Oba zähmetkeşleriniň armasyny ýetirmek üçin bu ýere gelen il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, partiýanyň işjeň agzalary Arkadagly Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirip, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş, iş şertlerini gün-günden gowulandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Sungat işgärleriniň çykyşlary bolsa olaryň günortanky gysga arakesmesine aýratyn öwüşgin çaýdy.

Tawus HAÝDAROWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.