Galla oragy guramaçylykly barýar

23 Iýun 2023
677

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bugdaý oragy möwsümi welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde hem ýokary öndürijilikli alnyp barylýar. Bu ýerde şeýle möhüm çärä hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişilmegi özüniň oňat netijesini berýär. Munuň şeýledigini birleşigiň döwlet harmanyna galla tabşyrmakda gündelik gazanýan ösüş depginleri hem tassyklaýar.

Daýhan birleşiginde şu wagta çenli kärendeçi daýhanlaryň ençemesiniň bugdaý meýdanlarynda geçirilen orak, olarda bereketli hasylyň kemala getirilendigini anyk subut etdi. Mysal üçin hojalygyň tejribeli gallaçylarynyň hatarynda atlary agzalýan Gülçehre Kerimowa 3 gektar meýdandan 9 tonna 226 kilogram, Allaberdi Berdygylyjow 1 gektardan 4 tonna 540 kilogram, Hojamyrat Jumabaýew 0,7 gektar ýerden 3 tonna 920 kilogram guşgursak däne ýygnap, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».