«Hatap» pellehana golaýlaýar

21 Iýun 2023
478

Şu günlerde hormatly Prezidentimiziň azyk bolçulygyny üpjün etmeklige gönükdirilen döwletli maksatnamalaryny berjaý etmek üçin lebaply babadaýhanlar bugdaýly meýdanlarda yhlas bilen zähmet çekýärler. Maňlaý deri siňdirilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamakda welaýatymyz boýunça Kerki etrabynyň gallaçy kärendeçileri has tapawutlanýarlar.

Etrabyň «Hatap» daýhan birleşiginiň kärendeçileri kerweniň başyny çekip barýarlar. Bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnama bu ýerde 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Öňdebaryjy hojalyga ýedi ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Merdan Hakyýew bugdaýyň hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin ähli çäreleriň görülýändigini aýdýar. Onuň maglumatlaryndan görnüşi ýaly, hojalygyň pellehana ýetmegine bary-ýogy 2-3 gün galypdyr. Bu sözleri ýere eýeçilik edýän daýhanlaryň özlerinden eşitmegiň lezzeti has-da başgaça bolýar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.