Baş maksat ― önüm bolçulygy

26 Iýun 2023
563

Lebap welaýat Azyk önümçilik birleşiginde pagtanyň çigidini gaýtadan işlemegiň hasabyna alynýan azyk we hojalyk önümleriniň mukdary barha artýar. Munuň şeýledigine önümçilik birleşiginde şu ýylyň başyndan bäri edilen işler hem doly şaýatlyk edýär. Eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň netijesinde, edermen daýhanlarymyz «ak altyndan» bol hasyl alyp, milli ykdysadyýetimizi galkyndyrmakda uly işler alyp barýar. Türkmen topragynda ýetişen pagtadan taýýarlanylýan dokma önümlerine, azykdyr hojalyk harytlaryna dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.

Önümçilik birleşigimizde hem pagta çigidini gaýtadan işlemegiň hasabyna azyk we hojalyk pudaklary üçin peýdaly önümleriň her ýylda müňlerçe tonnasy alynýar. Hususan-da, sarun, harpyk, arassalanan pagta ýagy, soapstok, çig ýag turşulygy, hojalyk sabyny ýaly önümler yzygiderli öndürilip, alyjylara hödürlenilýär. Birleşikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden bäri 25 müň tonna golaý çigit gaýtadan işlenildi. Ondan arassalanylmadyk pagta ýagynyň 3950 tonnasy öndürildi. Şeýle hem birleşige degişli kärhanada şu ýylda sarunyň 9850 tonna golaýy, harpygyň 6600 tonnadan gowragy, arassalanan pagta ýagynyň 3200 tonna golaýy öndürildi.

Jennet ALTYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Azyk önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.