Welaýatymyzda bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär

21 Iýun 2023
313

Galla meýdanlaryndaky gujurly zähmet

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bugdaý oragy möwsümine badalga berilmeginiň yzysüre ähli ýerlerde bu gaýragoýulmasyz çäräniň depgini bada-bat ýokarlandy. Şeýlelikde, häzirki günlerde aňyrsy uzaklara ýaýylyp gidýän altynsow meýdanlarda gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň köp sanlysynyň çekýän ýadawsyz zähmetiniň netijesinde, ak bugdaýly harmanlaryň başy barha belende galýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».