Bugdaýly meýdanlardaky zähmet

23 Iýun 2023
464

Milli ykdysadyýetde agrosenagat toplumy möhüm orny eýeleýän pudaklaryň biridir. Onuň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny yzygiderli pugtalandyrmak, içerki bazary özümizde öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümleri bilen doldurmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek Arkadagly Serdarymyzyň obasenagat toplumynda üstünlikli durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeleriniň öňde goýýan derwaýys wezipeleridir. Maddy-tehniki binýady ýylsaýyn berkidilýän bu ulgamyň eýeleýän wajyp ornuny has-da pugtalandyrmaga, oba adamlarynyň iş hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga giň mümkinçilik berýän özgertmeleriň amala aşyrylmagynda Balkan welaýatynda hem yzygiderli ösüşlere ýetilýär.

Şu günler galla oragy günbatar sebitiň iri oba hojalyk etraplarynyň biri bolan Bereket etrabynda hem ýokary depginde dowam etdirilýär. Garagum derýasynyň boýundaky ekin dolanyşygyna girizilen meýdanlarda arly ýyl yhlasly zähmet siňdirilip ýetişdirilen altyn başly bugdaý sümmüllerini synlanyňda, göwnüň göterilýär. Etrapda bu möhüm möwsüme gatnaşýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň her biriniň öndürijiligini ýokarlandyrmak babatda zerur tagallalar edilýär. Hut häzirki wagtda etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanlarynda alnyp barylýan işler hem, sözüň doly manysynda, welaýat boýunça görelde alarlyk görkezijilere beslenýär. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri Magtym Ýegenmämmedowyň, Döwletmämmet Gazakbaýewiň, Nurly Gulatarowyň, Parahat Garajaýewiň asylly işde kärdeşlerine görelde bolýandyklaryny hem aýratyn nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň golaýda Balkan welaýatynda bolup, galla oragynyň depgini bilen ýakyndan tanyşmagy, tutuş sebitde bolşy ýaly, bu daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçilerini hem belent sepgitleri eýelemäge ruhlandyrdy. Daýhan birleşigindäki 203 kärendeçiniň 3 müň gektarda ýetişdiren bugdaýyndan orak möwsüminiň ahyryna çenli 4 müň 810 tonna guşgursak azyklyk däne almagyň meýilnamasynyň artygy bilen berjaý ediljekdigi häzirden aýdyň görnüp dur. Eýýäm bugdaýy orlan 1 müň 400 gektara golaý ýeriň her gektaryndan 17 sentnere barabar hasylyň alynmagy hem muny tassyklaýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.