Ýeralmanyň bol hasyly ýetişdi

27 Iýun 2023
425

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tomus paslynyň ilkinji aýy, mele toprakdan rysgyny tapýan kärendeçi daýhanlarymyzyň çeken asylly zähmetleriniň hasyl berýän döwri bolýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ak bugdaýyň ýetişip, gallaçy daýhanlarymyzyň bereketli hasyl ýygnaýan döwründe, gök-bakjaçy kärendeçilerimiz hem döwletimiziň azyk bolçulygyny artdyrmaga saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Ynha, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Türkmenistanyň Gahrymany Myratberdi Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçileri-de, gök-bakja, miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekde gazanýan oňat netijeleri bilen ýylyň-ýylyna welaýatda tapawutlanmagy başarýarlar. Paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Ataguly Mälikgulyýew işleriň gidişi dogrusynda biziň bilen söhbetdeş bolanda, şeýle gürrüň berdi:

Ýörite habarçymyz.