Galla oragy üstünlikli dowam edýär

23 Iýun 2023
504

Daýhanyň alyn derini siňdirip ýetişdiren bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap, döwlet ammaryna öz wagtynda tabşyrylmagyny, orak möwsüminde işledilýän kombaýnlardan ýerlikli peýdalanmagy, gallany kabul ediş kärhanasyna tabşyrmakda bökdençligiň bolmazlygyny gazanmak orak möwsüminiň möhüm talabydyr. Şonuň üçin Babadaýhan etrabynda hem orak möwsüminde bökdençlikleriň bolmazlygy üçin çäreler göz öňünde tutulýar.

Tehnikalara hyzmat ediş toparlary näsazlyk tapan tehnikalary iş üstünde abatlamak işine uly ähmiýet berýärler. Zähmet howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle hem daýhanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen iş üstünde öňdebaryjy kombaýnçylara we bugdaý daşaýjy ulaglaryň sürüjilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Gurtgylyç BEKIÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Babadaýhan etrap birleşmesiniň başlygy.