Suw damjasy — altyn dänesi

23 Iýun 2023
570

Ata-babalarymyz agyz suwuny ýöne ýerden gymmatly baýlyga deňemändirler. Arassa agyz suwy saglygyň girewi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanypdyr. Saglyk — ynsanyň başynyň täji. Içimlik suw bolsa adamzat ýaşaýşynyň ilkibaşdaky döwürlerinden bäri üns merkezinde saklanyp gelýär. Häzirki wagtda ol dünýä derejesinde iň wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Sebäbi Ýer togalagynyň üçden iki bölegini suw tutýan-da bolsa, onuň içmek üçin ýaramlysy üç göterimden aňry geçenok. Şonuň üçin ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek we ýerasty, ýerüsti içimlik suwlardan rejeli peýdalanmak, suwuň hapalanmagynyň öňüni almak ýaly meseleler dünýä döwletleriniň öňünde derwaýys mesele hökmünde örboýuna galdy.

Ýurdumyzda 2010-njy ýylyň oktýabrynda «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň 14-nji maddasynda: «Türkmenistanyň çäginde her bir adama bellenilen hil kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän mukdarda agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär» diýlip bellenilýär. Şundan görnüşi ýaly, ýurdumyzda her bir raýatyň arassa agyz suwy bilen üpjün bolmaga doly hukugy bardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkyň saglygy bilen baglanyşykly meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki arassa howanyň, arassa agyz suwunyň we arassa iýmitiň bar ýerinde sagdyn ýaşaýyş höküm sürýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň etraplarynyň, şäherçeleriniň her birinde agyz suwuny arassalaýjy desgalary gysga döwürde gurmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurdaky işler Lebap welaýatynda hem barha giň gerim alýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».