Gallaçylar höweslendirilýär

23 Iýun 2023
388

Şu günler Ak bugdaý etrabynda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Däne orujy kombaýnlar bol hasylly meýdanlarda gije-gündiz hereket edip, ýygnalan hasyl kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşalýar. Bu babatda mehanizatorlaryň we awtoulag sürüjileriniň saldamly hyzmaty bar. Hyzmat ediş toparlarynyň işi hem göwnejaý ýola goýlan. Bu zatlar galla oragynyň depginli we sazlaşykly alnyp barylmagynyň şertini emele getirýär.

Etrabymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem şu gyzgalaňly we jogapkärli möwsümde höweslendiriş işlerine uly üns berýär. Birleşmäniň hünärmenleri zähmetiň gyzgalaňly dowam edýän ýerlerinde bolup, gallaçylaryň armasyny ýetirip durýarlar, tapawutlananlara ýörite höweslendiriş sowgatlaryny gowşurýarlar. Daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde günorta arakesme wagtlarynda guralýan medeni dynç alyş dabaralarynyň barşynda-da öňdebaryjy gallaçy kärendeçiler, kombaýnçylar we hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan sylaglanýar. Şeýle höweslendiriş işleri galla oragynyň depginine oňyn täsirini ýetirýär.

Şirin BEKMURADOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.