"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Sürüjileriň goşandy

Gallaçy kärendeçileriň azap siňdirip ýetişdiren bereketli bugdaý hasylyny tiz we yrýasyz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda «Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň öz kärine ussat sürüjileri gaýratly zähmet çekýärler. Häzir bu birleşigiň 200 töweregi ýük göterijiligi ýokary bolan kuwwatly awtoulagy galla oragynda gurat hem bökdençsiz işledilýär. Munuň üçin tehniki hyzmatlar oragyň gidýän ýerlerinde iş üstünde guralýar. Bu bolsa däne orýan kombaýnlaryň ýygnan hasylyny çalt we ýitgisiz daşamaga ýardam edýär. Bu möhüm işe şahsy awtoulagy bolan sürüjileriň goşantlary has-da uly. Olar 2400-den gowrak awtoulagy gurat we saz işledip, bu döwletli işe ýakyndan ýardam berýärler. Şeýlelikde, sürüjileriň agzybirlikli çekýän zähmetiniň netijesinde welaýat boýunça her gün müňlerçe tonna ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli guşgursak bugdaý hasyly Watan harmanyna gelip gowuşýar.

Agrotehniki ideg işleri – bereketli hasylyň girewi

10-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji J.Annaýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Ussat bakjaçy

Babadaýhan etrabynyň «Hasyl» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Rejepmyrat Saparow her ýylda bakjasynda behişdi nygmat bolan gawun-garpyzlaryň dürli görnüşleriniň bereketli hasylyny ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge özüniň mynasyp goşandyny goşup gelýän daýhanlaryň biri. Tejribeli bakjaçynyň uly üstünliklere beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 3 gektar meýdanda ýetişdiren hasylyny göreniňde onuň topraga siňdiren yhlasynyň ýerine düşendigine göz ýetirip guwanýarsyň. Indi ýetmiş ýaşa golaýlap barýan Rejepmyrat Saparow S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uçurymy. Daýhan birleşikde agronom, mehanik, pagtaçylyk, däneçilik, gök ekerançylyk toparlarynyň ýolbaşçysy bolup işläpdir. Onuň kakasy Sapar Gurbanmyradow bütin ömrüni daýhançylyga bagyş edip, kesbinden kemal tapyp, adygan adamlaryň biri bolansoň, bereket-bagt tapan kärine çagalarynda hem söýgi döretmegi başarypdyr. Ata kesbine eýeren Rejepmyrat hormatly dynç alşa çyksa-da, gol gowşuryp oturmaýar. Çagalaryna baş bolup kärende ýerinde bilini berk guşap, zähmet çekýär. Ol şu ýyl 5 gektar kärende ýeriniň 3 gektarynda gawunlaryň bereketli hasylyny ýetişdiren bolsa, 2 gektaryna ýorunja ekipdir. Onuň aýtmagyna görä, aralyk ekinler-de, pomidor, hyýar, kädi ýaly ekinler-de maşgalanyň hemişe üns merkezinde. Bu işlerde oňa alty çagany ösdürip ýetişdiren ýanýoldaşy Ogulmaral gelneje-de, ogul

Tejribeli kärendeçi

Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde tejribeli kärendeçileriň uly topary zähmet çekýär. Batyr Pälwanow hem şeýle daýhanlaryň biri. Öňdebaryjy kärendeçileriň arasynda ady ilkinjileriň hatarynda agzalýan bu daýhanyň üstümizdäki ýylda hem toprakdan bol hasyl almak ugrundaky tagallalary ýerine düşýär. Indi 15 ýylyň içidir, ol ene topraga yhlas siňdirip, ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürip gelýär. Pagtaçylykda, däneçilikde ýeterlik tejribe toplan kärendeçi daýhan şanly ýylymyzda 10 gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýy ýetişdirip, orak möwsümini guramaçylykly alyp bardy.

Düýedarçylyk hojalygynda

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda düýedarçylygyň ösüşine we azyk önümleriniň bolçulygyna hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Telekeçi Polat Kanaýewiň düýedarçylyk hojalygynda alnyp barylýan işleriň mysalynda bu hakykata göz ýetirmek bolýar. Tejribeli telekeçi Polat Kanaýew Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 144 gektar meýdanda düýedarçylyk hojalygyny açdy. Ol maljanly obadaşlarynyň 15-e golaýyny ýanyna alyp, şol ýerdäki ýataklarda düýeleriň 250-ä golaýyny idedip başlaýar. Bu işi talabalaýyk ýola goýmak bilen, ol Russiýadan getirilen kämil enjamlary önümçilik binasynda ornaşdyrýar. Şeýdip, düýelerden alynýan süýdi gaýtadan işlemegi ýola goýýar. Ol ýerde öndürilýän düýe çalydyr agaran tiz wagtda ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu gün owadan gaplara gaplanan «Çöl gämisi» haryt nyşanly ýokary hilli, ekologik taýdan arassa süýt önümleri söwda nokatlarynyň bezegine öwrülip, uly islege eýedir. Munuň özi telekeçiniň işiniň ugrugandygynyň subutnamasydyr.

Tylla ysyrgasyn dakynan tomus

Tylla tumarly tomsum, epgekli günleriň şatlyga baýdyr seniň. Jöwzaň eýmendirse-de, bol hasyla baý gujagyň şähdimizi açyp, kalplarymyza ganat bagladyp dur. Zynata beslenen gülleriňem üýtgeşik, olar birenaýy bolşup, zerbap, sargylt reňke beslenip ygşyldaşýarlar. Tomsuň günleriniň reňki zerewşan. Hasyla duran miweli baglaryň datly ir-iýmişleri bolsa, dahana tagam, göwne kanagatdyr. Gallaly meýdanlar ygşyldap, rysgala baý Watanymyň tarypyny sümmülleriniň owazy bilen ýetirýär. Hawa, tyllaýy tomus, sen bu günler keremli topraga şan berip, nuruňy dökýäň. Hasyldan döreýän harmanlar bolsa aýratyn zynatyňdyr. Galla harmany göwnümiziň kanagaty, daýhanlaryň ybadaty bolup, didelerimizi dokundyryp dur. «Gallam bar — tyllam bar» diýilýän parasatly aýtga göwher kimin many çaýyp duran tomsa berekediň pasly diýilse, has jüpüne düşer.

Meýdanlar görke gelýär

Sarahs etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 1 müň 380 gektar meýdana gowaça ekip, ýokary hilli gögeriş gazandylar. Daýhan birleşiginiň daýhanlary şu günler gowaçaly meýdanlary haşal otlardan arassalamak, olaryň hatarara bejergi işlerini alyp barmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, siňňitli suw tutmak ýaly möhüm agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine uly ähmiýet berýärler. Serdar Meretgulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji kärendeçilik toparynda kärendeçi maşgalalaryň gowaçalara ýokary hilli ideg etmekdäki asylly işleri bilen tanşanyňda pagtaçylaryň bol hasyl ýetişdirmek bilen üstümizdäki şanly ýylymyzy üstünlikli jemlemegi maksat edinýändiklerine göz ýetirmek kyn däl. Toparyň kärendeçileri 150 gektar meýdanda gowaçanyň bitginli hasylyny kemala getirmek bilen alynjak hasylyň mukdaryny gektardan 30 sentnere ýetirmegi borç edinýärler.

Sürteç kädi

Mälim bolşy ýaly, kädiler ulanylyş maksadyna görä, üç topara bölünýär. Olar iýmitlik, iýmlik, şeýle hem hojalyk durmuş maksatly kädilerdir. Hojalyk durmuş maksady üçin ösdürilýän kädilere suw kädiler, şeňňil kädiler, sürteç kädiler degişlidir. Suw kädiler öňki döwürde suw, toşap, ýag ýaly suwuk zatlary guýmak üçin gap hökmünde ulanylan bolsa, şeňňil kädiler kürüşge, susak ornuna ulanylypdyr. Ýeri gelende aýtsak, biziň günlerimizde bu kädiler sungat eserlerini döretmek üçin ulanylýar. Bulardan başga-da, hojalyk durmuş maksady bilen ösdürilýän kädilere gyjak, oýunjak kädiler, şonuň ýaly-da, ýakymly ys berýän mazy hem degişlidir. Mazy türkmen diliniň şiwelerinde dessemmaýa, dessembil kimin hem atlandyrylýar. Biziň günlerimizde hojalyk durmuş maksady bilen ösdürilýän kädilerden sürteç kädiden başgasy ulanyşdan galdy. Ýöne gap-gaçlary suw bilen sürtüp arassalamak, hammamda bedeniňe sabyn çalmak üçin ulanylýan sürteç kädiler häzirem ösdürilýär.

Turp

Turp – kelemler maşgalasyna degişli bolan birýyllyk, ikiýyllyk gök ekin. Ýaşaýşynyň birinji ýyly köki ätiýaçlyk iýmit maddalaryny toplap ýognaýar we kök miwesini emele getirýär. Ikilenji ýyly bolsa gülleýär we tohumlaýar. Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde turpuň ekişi ir ýazda we tomsuň ahyrynda geçirilýär. Tohumlaryny 3 santimetr çuňlukda ekýärler. Gök ekiniň gögermegi üçin amatly şertler bolanda, 4 – 5 günden turp ýeriň ýüzüne gögerip çykýar. Eger ösümlik gür gögeren bolsa, 4 – 5 hakyky ýaprakly ösümliklerde ýekelemek işleri geçirilýär. Ekilen ösümlikleriň arasy 8 – 12 santimetr bolmaly. Kök miwesi 200 – 500 gram ululykda bolýar. Turp sortuna baglylykda, 60 – 90 günde ýetişýär. Häzirki döwürde turpuň dürli görnüşleri bar. Olardan gara turp, ak turp, ýapon daýkony, margelan ýa-da käbir çeşmelerde lobo ady bilen bellidir. Turpuň margelan görnüşine Aziýa sebitlerinde ýygy-ýygydan duş gelmek bolýar. Ýurdumyzda turpuň «Aşgabat –1» we ýerli margelan sorty ekilýär. Bu sort ilat arasynda has köp ekilýän sort hasaplanýar. Turpuň özboluşly, suwly we ýumşak ýiti tagamy bolýar. Ak–ýaşyl reňkli, daşky görnüşi tegelek ýa-da silindr şekilinde bolýar. Turp ýer saýlamaýar, topraklaryň dürli görnüşlerinde we ýagtylyk pes bolan şertlerde hem ösdürip ýetişdirip bolýar. Bu köki miweli ösümlik adamzada has irki döwürden belli bolupdyr. Sebäbi turpuň tohumlaryndan ýag alypdyrlar, beýik piramidala

Taýýarlyk işleri

«Oty köpüň maly dok» diýen asylly ýörelgä eýerýän Bäherden etrabynyň maldarlary gyş üçin ot-iým taýýarlamak işlerine jogapkärçilikli çemeleşýärler. Şu maksat bilen, häzirki günlerde etrabyň maldarçylyk hojalyklary ot-iým üpjünçiligi üçin niýetlenen ýer böleklerinde ot-iýmlik ekinlerini ýetişdirmekde degişli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de önüm berijiligini ýokarlandyrmak babatdaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan etrabyň maldarlary gyş üçin, esasan-da, dänelik, ýorunja we gaýry meýdan otlaryny ýetişdirýärler. Olar ýorunja bedesiniň, ýandagyň, kepek, sarun ýaly iýmleriň hem ätiýaçlygyny döredip, gyş möwsümine taýýarlykly barýarlar. Bu babatda etrabyň «Kirpili» maldarçylyk hojalygynda alnyp barylýan işler has-da guwandyryjydyr.

Zähmet ýeňşi mübärek!

Balkan welaýatynyň edermen gallaçylary döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler 7-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyza günbatar sebitiň hasyl ussatlarynyň ak bugdaýyň bereketli hasylyny taýýarlamak baradaky meýilnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri barada buýsanç bilen habar berildi. Balkan welaýatynyň daýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň orak möwsüminde 50 müň gektar meýdandan 80 müň tonna galla taýýarlamak baradaky meýilnamalaryny tutuş ýurtda ilkinji bolup, artygy bilen amal etmegi başardylar. Asylly zähmeti bilen bolçulygyň, bereket akabasynyň sakasynda durýan hasyl ussatlarynyň eýelän belent sepgitleri olaryň tutanýerli zähmetiniň datly miwesidir.

Gal­la ora­gy do­wam ed­ýär

«7/24 tm» № 28 (163) 10.07.2023 Hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­myz­da eder­men gal­la­çy­la­ry­myz ýyl­bo­ýy zäh­met çe­ki­lip ýe­tiş­di­ri­len ak bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­na­mak üçin yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Ola­ra öz wag­tyn­da döw­let ta­ra­pyn­dan äh­li­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­ýär. Mu­nuň özi gal­la­nyň ýe­ke­je dä­ne­si­ni-de is­rip et­män, Wa­tan har­ma­ny­ny beý­gel­dip, be­re­ket bol­çu­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Zähmetsöýer Kombaýnçylar

Kerki etrabynyň oba hojalygyna tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň bugdaý orýan kombaýnlary ýüzüp ýören gämilere çalym edýär. Başyny aşak egip, adaja öwüsýän şemala ygşyldap tolkun atýan bugdaýly atyzlar bolsa deňzi ýada salýar. Biz «CLAAS», «Case», «John Deere» kysymly kuwwatly kombaýnlara erk edýän ussat kombaýnçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, olaryň işleýän ýerine geldik. — Kombaýnçylaryň birini öwüp, beýlekisini goýar ýaly däl. Hemmesi-de işine ýüregi bilen ýapyşyp, yhlas bilen işleýär. Ýöne welin, ussatdan ussat, ökdeden ökde bar diýleni. Olaryň arasynda Batyr we Daýanç Kulyýewleriň atlary mydama ilki agzalýar. Sebäbi olar özleriniň erk edýän kombaýnlaryny hemişe gurat saklap, biri-biri bilen goldaşyp işleýärler. Şonuň üçin doganlaryň orýan gektary-da, bunkerden agdarýan tonnalary-da beýlekileriňkiden ýokary bolýar — diýip, Agrar partiýanyň Kerki etrap komitetiniň başlygy Rahman Öwezow gürrüň berdi.

Şugundyr ekişi gyzyşýar

Hormatly Prezidentimiz golaýda Mary welaýatynda gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek barada ýörite Karar kabul etdi. Bu resminama «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Mary welaýatynyň önüm öndürijileriniň işe bolan höwesini artdyrdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu möhüm azyk ekini diňe Mary welaýatynda ekilip, ekiş meýdany adatdaky ýyllardan 3000 gektar artdyrylar. Ýagny ozalky ýyllarda welaýat boýunça 14900 gektarda ekilen bolsa, üstümizdäki ýylda gant şugundyrynyň ekiljek meýdany 17 müň 900 gektara ýetiriler. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin bu sebitiň gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçileri, telekeçileri, daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň agzalary, ýer eýeleri gant şugundyrynyň ekişini barha güýçlendirýärler.

Kärendeçileriň üstünligi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda yhlas bilen ýetişdirilen ak bugdaýyň bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna tabşyrmakda welaýatymyzyň Şabat etrabynda göreldeli işler alnyp barylýar. Bu etrabyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Olar güýzlük bugdaýyň 335 gektar meýdanyndan 689 tonna ýokary hilli hasyl ýygnap, Watan harmanyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Daýhan birleşigiň gallaçy kärendeçileri Atajan Asmanow, Umarbek Matýakubow, Bahadyr Kurbanbaýew dagy hasyly artygy bilen tabşyrmagy başardy. Daşoguz welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri galla hasylyny ýygnamakda öňdebaryjy etraplaryň gallaçy daýhanlarynyň arasynda bolup, orak möwsüminde meýdanlarda zähmet çekýän kombaýnçylaryň, sürüjileriň, kärendeçileriň armasyny ýetirip durýarlar. Ýakynda hem Şabat etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan zähmetde tapawutlanan işçilere we gallaçy kärendeçilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Möwsümiň kerwenbaşysy

Gysga wagtlyk möwsüm bolan galla oragy şu günler hemmäniň üns merkezinde. Onuň gidişi we ýygnalýan hasylyň möçberi bilen köp adam gyzyklanýar. Öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýan Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşigi-de şu ýyl turuwbaşdan öňe saýlanmak bilen, Lebap welaýatynyň hojalyklarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup pellehana golaýlady. Watan harmanyna 3960 tonnadan gowrak guşgursak bugdaý dänesini goşmak ugrunda göreşýän hojalygyň kärendeçileri uly zähmet ýeňşini gazanmagyň öň ýanynda. Bu ýeňiş üçin hojalygyň kärendeçileri topraga tohum taşlanan gününden başlap, gaýrata galyp zähmet çekdiler. 608 kärendeçini özüne birleşdirýän toparlaryň 9-sy hem ýokary netijeleri gazanmagy başardylar. Narmyrat Hudaýnazarow, Arzygül Ödäýewa ýaly topar ýolbaşçylary öz iş tejribesine daýanmak bilen, kärendeçilere ähli kömek-goldawlaryny, maslahatlaryny öz wagtynda berip durdular. Sebäbi bu toparlarda täze sortuň ekilmegi, ýagny Russiýadan satyn alnan «Alekseýiç» atly köp hasyl berýän görnüşiň tohumlyk üçin ýetişdirilmegi uly jogapkärçiligi talap edýärdi. Hut şonuň üçin-de täze sortuň agrotehniki talaplaryny doly we dogry berjaý etmek möhüm wezipe bolup öňe çykdy. Daýhan birleşiginiň tohumçylyk üçin ýöriteleşdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Hojalykda tejribeli daýhanlaryň uly nesliniň ýetişmegi we ekerançylyk meýdanlarynyň gurplulyk derejesiniň

«Tebigy ekiniň» tagamy

(Döredijilik saparyndan dörän publisistik ýazgylar) Dabanyň degen ýeri hakda bilesiň geliberýär. «Barylmadyk ilde eşidilmedik gep bar» diýilmegem şonuň üçindir. Ynha, Lebap welaýatynyň merkezinden çykyp, Dänew topragyna ýetdik welin, bu gözel hem sahawatly mekan barada gulakda galan, okalan, aýdylan gürrüňler güpbe ýada düşdi.

Bol hasyl ugrunda

Şu günler welaýatymyzyň ussat kärendeçi daýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmegi maksat edinýärler. Munuň şeýledigine atyzlara bezeg berip oturan gowaçalary synlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Pagtanyň bol hasylyny kemala getirmekde kärendeçi daýhanlar geçirilýän bejergi işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede bolmagy ugrunda güýç-gaýratlaryny aýamaýarlar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler, hormatly Prezidentimiziň kärendeçilere berýän kömek-goldawlary olary ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar. Daýhanyň idegini ýetirip, yhlasyny siňdirýän gowaçalary bolsa gün-günden ösüp boý alýar. Bu möhüm çäreleri alyp barmakda Akdepe etrabynyň daýhan birleşikleriniň kärendeçileri hem öndürijilikli zähmet çekýärler. Etrabyň gowaça meýdanynyň 1200 gektary «Täze durmuş» daýhan birleşigine degişli bolup, häzirki günlerde şol ýerlerde gowaçalara ideg işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Galla — 2023

Gallaçy daýhanlaryň üstünlikleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bugdaý oragyny ýokary depginlerde dowam etdirýän welaýatymyzyň gallaçylarynyň gazanýan üstünlikleri barada guwandyryjy habarlar gelip gowuşýar. Daýhan birleşikleriniň ençemesiniň ezber kärendeçileri Watan harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryny abraý bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Olaryň hatarynda Görogly etrabynyň «Aksaraý», B.Öwezow adyndaky, «Berkarar», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Parahat» daýhan birleşikleriniň bardygyny aýtmak bolar.

Şalyçylaryň zähmet joşguny

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 20 — 30 ýyldan bäri kärende ýerlerinde şaly ýetişdirip, özleriniň baý iş tejribelerine daýanyp, her gektardan ýylyň-ýylyna 50 — 60 sentner hasyl almagy başarýan şalyçylaryň ençemesi bar. Şeýle şalyçylaryň hatarynda Meretgeldi Öräýewiň, Tirkeş Baýryýewiň, Öremätdir Haýtgylyç Gurbangylyjowlaryň atlaryny tutmak bolar. Bu guýmagursak şalyçy daýhanlar ýerden ýokary hasyl almakda köplere görelde bolýarlar. Daýhan birleşiginiň şalyçylarynyň işi bilen tanşyp ýörkäk, bu ýerde şalynyň idegi bilen meşgullanyp ýören ýaş kärendeçide nazarymyz eglendi. Onuň atyzlaryndaky şalyny synlanyňda, «Tüweleme!» diýeniňi duýman galýarsyň. Onuň doýgun reňki daýhanyň çyn aladasy bilen gurşalandygyndan habar berýär. Bu ýerler ýaş kärendeçi Aýdogdy Annaýewe degişli eken. Ol häzir özüniň 5 gektar kärende ýeriniň töweregine aýlanyp, ölçeg çöplerini barlaýan eken. Ýagny atyzyň suwy gerekli mukdaryny görkezýän ölçeg çöpden aşak düşen bolsa, derrew atyzyň suwunyň üstüni ýetirmegiň aladasyny etmeli. Çünki suwy ýeterlik bolmadyk şalydan göwün islän hasylyňy almak mümkin däl. Atyzlaryň suwunyň ýeterlik bolmagy, gerekli wagtynda suwuň çalşylyp durulmagy şalyçylykdan ýokary hasyl almagyň ilkinji şerti bolup durýar. Aýdogdy bilen söhbetdeş bolanymyzda, özüniň şalyçylar maşgalasyndandygyny, bu käri üçünji arka bolup dowam etdirýändigini aýtdy. O