Şugundyr ekişi gyzyşýar

8 Iýul 2023
519

Hormatly Prezidentimiz golaýda Mary welaýatynda gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek barada ýörite Karar kabul etdi. Bu resminama «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Mary welaýatynyň önüm öndürijileriniň işe bolan höwesini artdyrdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu möhüm azyk ekini diňe Mary welaýatynda ekilip, ekiş meýdany adatdaky ýyllardan 3000 gektar artdyrylar. Ýagny ozalky ýyllarda welaýat boýunça 14900 gektarda ekilen bolsa, üstümizdäki ýylda gant şugundyrynyň ekiljek meýdany 17 müň 900 gektara ýetiriler. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin bu sebitiň gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçileri, telekeçileri, daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň agzalary, ýer eýeleri gant şugundyrynyň ekişini barha güýçlendirýärler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).