Şalyçylaryň zähmet joşguny

5 Iýul 2023
459

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 20 — 30 ýyldan bäri kärende ýerlerinde şaly ýetişdirip, özleriniň baý iş tejribelerine daýanyp, her gektardan ýylyň-ýylyna 50 — 60 sentner hasyl almagy başarýan şalyçylaryň ençemesi bar. Şeýle şalyçylaryň hatarynda Meretgeldi Öräýewiň, Tirkeş Baýryýewiň, Öremätdir Haýtgylyç Gurbangylyjowlaryň atlaryny tutmak bolar. Bu guýmagursak şalyçy daýhanlar ýerden ýokary hasyl almakda köplere görelde bolýarlar.

Daýhan birleşiginiň şalyçylarynyň işi bilen tanşyp ýörkäk, bu ýerde şalynyň idegi bilen meşgullanyp ýören ýaş kärendeçide nazarymyz eglendi. Onuň atyzlaryndaky şalyny synlanyňda, «Tüweleme!» diýeniňi duýman galýarsyň. Onuň doýgun reňki daýhanyň çyn aladasy bilen gurşalandygyndan habar berýär. Bu ýerler ýaş kärendeçi Aýdogdy Annaýewe degişli eken. Ol häzir özüniň 5 gektar kärende ýeriniň töweregine aýlanyp, ölçeg çöplerini barlaýan eken. Ýagny atyzyň suwy gerekli mukdaryny görkezýän ölçeg çöpden aşak düşen bolsa, derrew atyzyň suwunyň üstüni ýetirmegiň aladasyny etmeli. Çünki suwy ýeterlik bolmadyk şalydan göwün islän hasylyňy almak mümkin däl. Atyzlaryň suwunyň ýeterlik bolmagy, gerekli wagtynda suwuň çalşylyp durulmagy şalyçylykdan ýokary hasyl almagyň ilkinji şerti bolup durýar. Aýdogdy bilen söhbetdeş bolanymyzda, özüniň şalyçylar maşgalasyndandygyny, bu käri üçünji arka bolup dowam etdirýändigini aýtdy. Onuň kakasy Nobat aga hem, atasy Ýusup aga hem ýerden ýokary hasyl almagy başarýan şalyçylar eken. Aýdogdynyň hem zähmetsöýerligi, tutanýerliligi, erjelligi bilen arkama-arka dowam edip gelýän bu kespden bagt tapjakdygyna ynanýarsyň.

Öz habarçymyz.