Düýedarçylyk hojalygynda

11 Iýul 2023
429

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda düýedarçylygyň ösüşine we azyk önümleriniň bolçulygyna hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Telekeçi Polat Kanaýewiň düýedarçylyk hojalygynda alnyp barylýan işleriň mysalynda bu hakykata göz ýetirmek bolýar.

Tejribeli telekeçi Polat Kanaýew Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 144 gektar meýdanda düýedarçylyk hojalygyny açdy. Ol maljanly obadaşlarynyň 15-e golaýyny ýanyna alyp, şol ýerdäki ýataklarda düýeleriň 250-ä golaýyny idedip başlaýar. Bu işi talabalaýyk ýola goýmak bilen, ol Russiýadan getirilen kämil enjamlary önümçilik binasynda ornaşdyrýar. Şeýdip, düýelerden alynýan süýdi gaýtadan işlemegi ýola goýýar. Ol ýerde öndürilýän düýe çalydyr agaran tiz wagtda ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu gün owadan gaplara gaplanan «Çöl gämisi» haryt nyşanly ýokary hilli, ekologik taýdan arassa süýt önümleri söwda nokatlarynyň bezegine öwrülip, uly islege eýedir. Munuň özi telekeçiniň işiniň ugrugandygynyň subutnamasydyr.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.