Zähmet ýeňşi mübärek!

10 Iýul 2023
384

Balkan welaýatynyň edermen gallaçylary döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler

7-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyza günbatar sebitiň hasyl ussatlarynyň ak bugdaýyň bereketli hasylyny taýýarlamak baradaky meýilnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri barada buýsanç bilen habar berildi. Balkan welaýatynyň daýhanlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň orak möwsüminde 50 müň gektar meýdandan 80 müň tonna galla taýýarlamak baradaky meýilnamalaryny tutuş ýurtda ilkinji bolup, artygy bilen amal etmegi başardylar. Asylly zähmeti bilen bolçulygyň, bereket akabasynyň sakasynda durýan hasyl ussatlarynyň eýelän belent sepgitleri olaryň tutanýerli zähmetiniň datly miwesidir.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Andreý PAKULOW.