Kärendeçileriň üstünligi

7 Iýul 2023
538

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda yhlas bilen ýetişdirilen ak bugdaýyň bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap, galla kabul ediş nokatlaryna tabşyrmakda welaýatymyzyň Şabat etrabynda göreldeli işler alnyp barylýar. Bu etrabyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Olar güýzlük bugdaýyň 335 gektar meýdanyndan 689 tonna ýokary hilli hasyl ýygnap, Watan harmanyna mynasyp goşantlaryny goşdular. Daýhan birleşigiň gallaçy kärendeçileri Atajan Asmanow, Umarbek Matýakubow, Bahadyr Kurbanbaýew dagy hasyly artygy bilen tabşyrmagy başardy.

Daşoguz welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri galla hasylyny ýygnamakda öňdebaryjy etraplaryň gallaçy daýhanlarynyň arasynda bolup, orak möwsüminde meýdanlarda zähmet çekýän kombaýnçylaryň, sürüjileriň, kärendeçileriň armasyny ýetirip durýarlar. Ýakynda hem Şabat etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan zähmetde tapawutlanan işçilere we gallaçy kärendeçilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.