Möwsümiň kerwenbaşysy

6 Iýul 2023
416

Gysga wagtlyk möwsüm bolan galla oragy şu günler hemmäniň üns merkezinde. Onuň gidişi we ýygnalýan hasylyň möçberi bilen köp adam gyzyklanýar. Öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda tanalýan Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşigi-de şu ýyl turuwbaşdan öňe saýlanmak bilen, Lebap welaýatynyň hojalyklarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup pellehana golaýlady.

Watan harmanyna 3960 tonnadan gowrak guşgursak bugdaý dänesini goşmak ugrunda göreşýän hojalygyň kärendeçileri uly zähmet ýeňşini gazanmagyň öň ýanynda. Bu ýeňiş üçin hojalygyň kärendeçileri topraga tohum taşlanan gününden başlap, gaýrata galyp zähmet çekdiler. 608 kärendeçini özüne birleşdirýän toparlaryň 9-sy hem ýokary netijeleri gazanmagy başardylar. Narmyrat Hudaýnazarow, Arzygül Ödäýewa ýaly topar ýolbaşçylary öz iş tejribesine daýanmak bilen, kärendeçilere ähli kömek-goldawlaryny, maslahatlaryny öz wagtynda berip durdular. Sebäbi bu toparlarda täze sortuň ekilmegi, ýagny Russiýadan satyn alnan «Alekseýiç» atly köp hasyl berýän görnüşiň tohumlyk üçin ýetişdirilmegi uly jogapkärçiligi talap edýärdi. Hut şonuň üçin-de täze sortuň agrotehniki talaplaryny doly we dogry berjaý etmek möhüm wezipe bolup öňe çykdy. Daýhan birleşiginiň tohumçylyk üçin ýöriteleşdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Hojalykda tejribeli daýhanlaryň uly nesliniň ýetişmegi we ekerançylyk meýdanlarynyň gurplulyk derejesiniň ýokarylygy islendik ekinden-de ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýär. 1587 gektarda ýetişdirilen bugdaýyň 700 gektarynyň «Alekseýiç» bolmagy ýöne ýerden däl.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Ödegeldi KULYÝEW.